Sinalco Täze ýyl mynasybetli yglan eden baýrakly aksiýa ýaryşy tamamlanmaga ýakynlaşýar

Sinalco Täze ýyl mynasybetli yglan eden baýrakly aksiýa ýaryşy tamamlanmaga ýakynlaşýar

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Sinalco tarapyndan gurnalan baýrakly aksiýa ýaryşy dowam edýär we eýýäm gymmat bahaly baýraklaryň eýesi bolan ilkinji bagtly adamlaryň atlary belli boldy. Paýtagtyň Çoganly şäherçesiniň 9 ýaşly ýaşaýjysy Bagtyýar Aşyrow görenje kir ýuwujy maşynyna, Änew şäheriniň ýaşaýjysy Ýusup Täçmyradow bolsa Neos telewizoryna eýe boldy.

Şeýle hem has kiçi baýraklaryň köpüsiniň - tozan sorujylaryň, saç guradyjylaryň, futbolkalaryň, polotensalaryň, Sinalco nyşanly bokallaryň ýeňijileri belli boldy.

Sinalco bu çäräniň tamamlanyp barýandygyny ýatladýar hem-de ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny baýrakly aksiýa ýaryşyna gatnaşmaklyga we nesibelerini barlap görmeklige wagt tapmaklyga ýa-da bu içgileriň açyk güneşli tagamy bilen özlerini we ýakynlaryny begendirmeklige çagyrýar.

Dekabr aýynyň başynda Sinalco markasynyň içgilerini öndürýän Mahmal Zip kompaniýasynyň baýrakly aksiýa ýaryşyny yglan edendigini habar beripdik.

Baýrakly aksiýa ýaryşyna gatnaşmaklyk üçin islendik Sinalco markaly içgiden üç sany gyzyl gapak ýygnamaly we ony bu önümleriň satylýan islendik söwda nokadyna eltip, skretç kart bilen çalyşmaly. Skretç kartdaky degişli gorag zolagyny bozup, dürli baýraklara eýe bolup bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz

Ýene degişli makalalar

“Mahmal Zip” önümlerini “World Food India 2023” sergisinde görkezdi
Türkmen diplomaty Sinandali klassiki aýdym-saz festiwalyna gatnaşýan türkmenistanly sazandalar bilen duşuşdy
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Şirin-şeker datly gawun
Türkmen sazandalary Gruziýada geçirilýän sazçylyk festiwalyna gatnaşar
Gruziýanyň Sinandali sazçylyk festiwaly