Singapuryň My Tree House kitaphanasy

Gaýybana syýahat

My Tree House (Meniň agaç öýüm) dünýäde çagalar üçin gurlan ilkinji ýaşyl kitaphana bolup, ol Singapuryň merkezi jemgyýetçilik kitaphanasynda ýerleşýär.Meniň agaç öýüm kitaphanasy körpejelere daşky gurşaw bilen bagly düşünjeleri bermekde, tebigy gymmatlyklara aýawly çemeleşmegi we goramagy öwretmek babatynda köp sanly kitap ýygyndysyny, sanly bilim platformalaryny we gyzykly programmalary hödürleýär. 2013-nji ýylda açylan ýaşyl kitaphanada energiýany tygşytlamak maksady bilen LED yşyklandyryş ulgamy ornaşdyrylyp, içki bezeginde agaç tekjeler, ýaşyl örtükli halylar ýaly ekologiýa taýdan arassa materiallar ulanylypdyr.

Gapysyndan gireniňde botanika bagyny göz öňüňde janlandyrýan bu kitaphananyň içinde çüýşeden we agaçdan ýasalan birnäçe jaýjagazlar bar. Çagalar islegine görä, öýjagazlara girip ýa-da agajyň aşagynda oturyp kitap okaýarlar.

Bu bolsa öwrenilýän maglumatlaryň has-da täsirli bolmagyna ýardam edýär.Kitaphanada ertekili, hekaýaly, ösümlik we haýwanat dünýäsi, daşky gurşawy goramak baradaky hem-de oýunlar we senetçilik gurallaryny ýasamagy öwredýän 45 müň töweregi kitap bar.

Bu ýerde Jadyly agaç, Uzyn agajyň halky ýaly ynsan bilen tokaýyň ýaşyl dünýäniň arasyndaky baglanyşygy gürrüň berýän birnäçe meýdança bar.Kitaphananyň esasy maksady: körpe okyjylar bilen tebigatyň arasynda dostlugy döretmek, ýaşyl dünýä bolan söýgini artdyrmak hem-de gyzykly, täsirli başdangeçirmeler esasynda çagalara maglumatlary öwretmekdir.

Singapurda iň köp höwes bildirilýän ýerleriň biri bolan ýaşyl kitaphanada çagalar kitap okamak bilen bir hatarda, wagtyny gyzykly hem peýdaly geçirýärler.

Ýene degişli makalalar

Düwleniň derisinden kitap
ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň Belent boýly ussadym atly kitabyna syn
Türkiye, Owganystanda Kitaphana Açar
Goýup sen haýrana külli älemi - türkmen halysy
Zaki Walidi Togan
Magtymguly atly ajaýyp kitaba syn