
Sionist režimiň esgerleri we göçüp gelen jöhitler ýene-de Al-Aqsa metjidine hüjüm etdiler we metjiddäki palestinalylar bilen çaknyşdylar.
Beýt al-mukaddes we Al-Aqsa metjidiniň howlulary Sionist söweşijiler bilen palestinaly ybadat edýänleriň arasynda anna güni (15-nji aprel)dan bäri iň agyr çaknyşyklara şaýat boldy. Bu çaknyşykda azyndan 160 palestinaly ýaralandy.
Al-Maýadiniň habaryna görä, sionist režimiň harbylary we göçüp gelen jöhitler duşenbe güni irden ýene-de Al-Aqsa metjidine we palestinalylara hüjüm etdiler netijede olaryň arasynda güýçli çaknyşyk boldy.
Şunuň bilen baglylykda Al-Jazeera tele ýaýlymy sionistleriň onlarçasy şu gün irden bu režimiň goşunlarynyň ýaşyl çyrasy bilen Al-Aqsa metjidine girdiler we yslama garşy şygarlar aýtdylar diýip habar berdi. Sionist režimiň howpsuzlyk güýçleri jöhitleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Al-Aqsa metjidiniň dürli ýerlerine ýerleşdirildi.
Ýene bir habara görä, sionist režimi ýewreýleriň baýramy sebäpli Ybraýymi metjidini iki günläp ýapandyr.
Sionist režimiň işgärleri şu gün (duşenbe) palestinaly ybadat edýänleriň ýewreý baýramlary sebäpli çarşenbe güne çenli Ybraýymi metjidine girmegini gadagan etdiler.
Dünýä ýurtlary şol sanda Arap ýurtlary we syýasy akymlar, Siopnist režimiň palestinalylara garşy ylaýta-da Remezan aýynda agressiýasyny berk ýazgardylar.