Siriýa Bilen Gatnaşyk Açmazlyk Üçin Hiç Hili Sebäp Ýok

Siriýa Bilen Gatnaşyk Açmazlyk Üçin Hiç Hili Sebäp Ýok

Prezident R.T.Erdogan Stambulda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Siriýanyň lideri Başar Asadyň “Biz Türkiýe bilen gatnaşyklara açyk” diýlen ýüzlenmesi hakynda beýanat beren Erdogan: “Gatnaşylaryň açylmaazlygy üçin hiç hili sebäp ýok” diýdi.

Prezident Erdogan: “Gatnaşyklary ösdürmek üçin geçmişde nähili bilelikde hereket eden bolsak, ýene-de şeýle dowam ederis.Siriýanyň içerki işlerine goşulyşmak diýlen derdimiz, maksadymyz asla bolmaz.Sebäbi Siriýanyň halky doganlyk halkdyr.

Geçmişde Asad bilen maşgala bolup duşuşyklar geçiripdik.Ertir bolmaz diýlen zat ýok, ýene bolar.Siriýa bilen bu gatnaşyklary ösdürmekde geçmişde nähili bilelikde hereket eden bolsak, ýene-de şeýle hereket ederis” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp: Türkiye Siriýanyň gelejeginde möhüm pozisiýa eýeleýär
Erdogan we Şarif Yslamabatda Türkiýe-Pakistan gatnaşyklaryny ösdürmäge söz berdiler
Erdogan Türkiýäniň “Täze Aziýa Başlangyjynyň” çäginde Malaýziýa, Indoneziýa we Pakistana sapar edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şols Türkiýä Sapar Eder
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny