Siriýanyň demirgazynyň terror guramasy ÝPG-li terrorçylardan saplanmagy üçin ylalaşyk gazanyldy

Siriýanyň demirgazynyň terror guramasy ÝPG-li terrorçylardan saplanmagy üçin ylalaşyk gazanyldy

Siriýanyň Prezidenti Ahmed Al Şara ýekşenbe güni resmi Damaskyň SDG/ÝPG bilen hüjümleriň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi we ylalaşygyň ýurduň demirgazyk gündogarynda awtoritarynyň gaýtadan dikeldilmegi taýdan möhümdigini belledi.

Siriýanyň SANA habarlar gullugynyň berýan habaryna görä, ylalaşyk Siriýanyň harby goşuny bilen ÝPG-nyň arasyndaky ähli liniýalarda dowam edýän çaknyşyklaryň gyssagly bes edilmegini öz içine alýar.

Ylalaşyk ÝPG bilen arabaglanşykly ähli terrorçylaryň Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky sebitlere çekilmegini we Siriýanyň hökümetiniň jedelleşikli sebitlerde gözegçiligi ýola goýmagyny öz içine alýar.

Ylalaşyk yza çekilmeleri, edaralaryň utgaşyklygyny we günä geçişlik kepilligini öz içine alýar

Ylalaşyga laýyklykda Deýrizor we Rakka welaýatlarynyň dolanşygy gyssagly dolulygyna Siriýa döwletine tabşyrlar.

İki welaýatdaky ähli edalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň gözegçiligi döwlet ýolbaşçylaryna tabşyrlar.

SANA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, ylalaşyga laýyklykda sebitdäki ähli gümrük geçelgeleriniň, nebit-gaz känleriniň gözegçiligi resmi Damaska berler.

Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri gümrük geçelgelerini we nebit-gaz känlerini gorar, girdejileriiniň döwletiň hasabyna geçirilmegine gözegçilik eder.

Ýene degişli makalalar

Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Zelenskiý we Fidan Damaskda saparda bolýar
Fidan: Türkiye ikirjiňlenmelerine garamazdan Siriýa-SDG ylalaşygyny goldaýar
Türkiye Ysraýylyň Siriýanyň günortasyna guran hüjümlerini "howply giňelmeklik" hökmünde ýazgardy
Türk ministrlerinden we MHG-nyň başlygyndan ybarat wekiliýet Siriýanyň lideri bilen duşuşyk geçirer
Raýat işjeňligi, häkimiýetleriň 'mylakatlylygy' türkmen syýasatyndaky 'maýylganlygyň' buşlukçysymy?