Sirke bilet üçin Aşgabadyň mekdep okuwçylaryndan mejbury pul ýygnaýarlar

Sirke bilet üçin Aşgabadyň mekdep okuwçylaryndan mejbury pul ýygnaýarlar

12-nji sentiýabrda “Türkmenistan:altyn asyryň” habaryna görä, täze sirk möwsümi başlandy we onuň artistleri täzelenen programma taýýarladylar.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” jurnalistleriniň maglumatyna görä, sirkiň biletleri üçin mekdep okuwçylardan mejbury pul ýygnalýar. Bilim ministrliginiň görkezmesi boýunça her synpdan 200 manat ýygnamak zerur.

Eger koronawirus ýokanjyna (2020-nji ýylyň martyna) çenli sirke bilediň bahasy 5 manada deň bolsa, häzir 15 manada çykdy.

200 manat 13-14 bilede ýetýär we her synpda 30 çemesi okuwçy bar. Has dogrusy, bilet üçin her okuwçydan pul ýygnalsa-da, olaryň ýarysyna golaýy sirke girip bilýärler.

Emma, sirke girip bilmedik çagalar känbir lapykeç bolmaýarlar.Olaryň sözlerine görä, sirkde her ýyl şol bir atly programmany görkezýärler.

”TH-niň” maglumatlaryna görä, Medeniýet ministrligi sirke we teatrlara biletleri satmaga kömek etmegi Bilim ministrliginden yzygiderli haýyş edýär.The post Sirke bilet üçin Aşgabadyň mekdep okuwçylaryndan mejbury pul ýygnaýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

13-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Aşa köp derlemäniň öňüni almagyň tebigy ýollary
Insulin çydamlylygynyň tebigy bejergi usullary
Ökje jaýrylmasynyň tebigy bejergi usullary
Biti aýyrmagyň iň ýeňil we netijeli usullary
Ýurdumyzyň teatrlary tomaşaçylara garaşýar