Siýýarto: Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Wengriýada saparda bolarlar

Siýýarto: Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Wengriýada saparda bolarlar

Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri, şeýle-de Serb Bosniýasy we Gersogowina Respublikasynyň wekilleri 19-20-njy awgust günleri Wengriýada saparda bolarlar. Bu barada Wengriýanyň daşary işler we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Peter Siýýarto habar berdi diýip, Trend ýazýar.

Siýýartonyň sözlerine görä, şol günlerde Wengriýanyň paýtagtynda Serb Bosniýasy we Gersogowina Respublikasynyň Prezidenti Milorad Dodik, Bosniýa we Gersogowinanyň Prezidiumynyň wekili, Awstriýanyň, Sloweniýanyň we Çehiýanyň öňki Premýer-ministrleri bolarlar.

Duşuşyklarda möhüm meseleleriň birgideni, şol sanda energiýa howpsuzlygy, bikanun migrasiýa garşy göreş hem-de sebit we halkara gün tertibindäki bar bolan möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Habar berlişi ýaly, sapar meýilnamasyna laýyklykda, döwlet Baştutanlary Wengriýanyň Premýer-ministri bilen gepleşikleri hem geçirerler. Şeýle-de Wengriýanyň döwlet baýramçylygy Keramatly Stiwen gününe bagyşlanan çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşarlar.

Ozal Wengriýanyň daşary işler we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Peter Siýýarto bilen penşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda telefon arkaly gepleşikleriň geçirilendigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Ilham Aliýew Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitinde çykyş etdi
Günorta Kawkaz Respublikasynyň Gün Teritibi
Prezident Erdogan Wengriýada saparda boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýada saparda bolar
Türkiýe Bilen Wengriýanyň Söwda-Ykdysady Gatnaşyklary Hasam Ösdüriler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny