SIZE MÄLIMMI?!

Merkezi edarasy London şäherinde ýerleşýän HouseFresh kompaniýasy ýurtlaryň we şäherleriň howasynyň arassalygy barada giňişleýin maglumat taýýarlady. Hünärmenler şäherleriň howasynyň düzümindäki ownujak bölejikleriň mukdaryna görä sanaw taýýarladylar. Kompaniýanyň hünärmenleri Şweýsariýanyň howanyň hilini ölçeýän IQAir atly tehnologiýa kompaniýasynyň maglumatlaryndan peýdalanypdyrlar.

Ýewropa Daşky Gurşaw Agentliginiň (EEA) maglumatlaryna görä, howanyň hapalanmagyna sebäp bolýan ownuk bölejikler ýürek-damar we dem alyş ýollaryna zeper ýetirip bilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy howanyň düzümindäki maýda bölejikleriň 10 μg/m3den (mikrogram/kubmetr) pes bolmalydygyny belleýär.

Ýewropa ýurtlaryny öz içine alýan barlaglara görä, howasy iň arassa şäher hökmünde Finlýandiýanyň Muonio şäheri saýlandy. Şäherde howanyň düzümindäki maddalaryň 2,8 μg/m3-dygy bellenilýär. Şäheriň daş-töweregini Pallas-Ýullýastunturi milli seýilgähi gurşap alýar. Şeýle hem şäheriň bir tarapyndan Muonioelwen derýasy akyp geçýär.

Ikinji ýeri Norwegiýanyň Bodo (3,4 μg/m3), üçünjiligi Belgiýanyň Wýelsalm (4,2 μg/m3) şäheri eýeledi.Bodo şäheri deňiz kenarynda, dagyň eteginde gurlupdyr.Dag we deňiz howasy şäheriň arassa bolmagyny üpjün edýär. Ýeri gelende bellesek, Norwegiýa dünýäde ilaty hasaba alnanda iň köp elektroulag ulanylýan ýurt hasaplanýar.

Nebit ýataklaryna baýdygyna garamazdan, ýurtda diňe ýeňil ulaglar däl, eýsem, uly göwrümli ýük ulaglarynyň we gurluşyk tehnikalarynyň hem elektrik energiýasy bilen işleýänleri az däl.Belgiýanyň Lýuksemburg welaýatynyň Wýelsalm şäheri gözel tebigaty bilen syýahatçylary özüne çekýär.

Dag depeleriniň arasyndaky şäheriň golaýyndaky köl suw sportlaryny geçirmek üçin iň amatly şertleri hödürleýär.

Portugaliýanyň Serra-da-Eştrela hem-de Serra-da-Malkata tebigy goraghanalarynyň arasynda ýerleşýän Fundan şäheri (4,2 μg/m3) sanawda dördünji bolupdyr.Sanawyň bäşinji ornuny Şotlandiýanyň Kriff (4,3 μg/m3) hem-de Demirgazyk Irlandiýanyň Enniskillen (4,3 μg/m3) şäherleri paýlaşýar.

Bu iki şäher Birleşen Patyşalygyň iň arassa şäherleri hasaplanýar.Soňky sanawda 6-njy orna düşen hem bolsa, Şwesiýanyň demirgazygyndaky iň uly şäheri bolan Umea (4,3 μg/m3) 2019-njy ýyldaky maglumatda Ýewropanyň iň arassa şäheri saýlanypdy.

Ispaniýanyň deňiz kenaryndaky Almeriýa şäheri (4,4 μg/m3) ýedinji bolupdyr. Güneşli şäher ýurduň taryhy Andulusiýa sebitinde beýikli-pesli depeleriň arasynda ýerleşýär. Sanawda sekizinji ýeri eýeleýän Şweýsariýanyň Newşatel (4,5 μg/m3) şäheri adybir kölüň kenarynda ýerleşýär. Orta asyrlarda esaslandyrylan şäheriň daş-töweregini dag gerişleri gurşap alýar.

Fransiýanyň Korte şäheri (4,6 μg/m3) dokuzynjy orny eýeläpdir. Ortaýer deňzindäki Korsika adasynyň daglyk bölegindäki şäheriň içinden Restonika derýasynyň şahalary kesip geçýär.

Litwanyň Şakýaý şäheri (5,0 μg/m3) ilkinji onlugyň soňky basgançagyny eýeläpdir. Russiýanyň gury ýerden serhedi bolmadyk Kaliningrad şäherine ýakyn bolan bu şäher Litwanyň iň arassa sebitleriniň birinde ýerleşýär. Şäherde 7 milli seýilgäh bar.

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň iň arassa şäherleri
Litwa Rus Döwlet Belgili Ulaglaryň Ulanylmagyny Gadagan Etdi
Üç ýurt rus belgili ulaglaryň ýurtlaryna girmeklerine gadagançylyk girizdi
Polşa: "Wagnere degişli birikmeler serhede golaýlaşdylar" diýdi
Serdar Azmun Zenit bilen Russiýanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy
Russiýa Açyk Asmanlar Ylalaşygyndan Çekilýär