Belawia Aşgabada uçuşlaryň çäklendirmesini ýene uzaltdy

Belawia Aşgabada uçuşlaryň çäklendirmesini ýene uzaltdy

Belawiýa awiakompaniýasy Minsk ― Aşgabat gatnawy boýunça uçar gatnawlarynyň çäklendirmesini 30-njy aprele çenli uzaltdy. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýty habar berýär.

Mundan başga-da, 30-njy aprele çenli Budapeşte, 16-njy maýa çenli Almaata, 30-njy oktýabra çenli Ženewa uçuşlar amala aşyrylmaz. Rus ugurlary barada aýdylanda bolsa, Belawiýanyň uçarlary Moskwa, Sankt-Peterburg, Kazan, Nihniý Nowgorod, Kaliningrad we Don boýundaky Rostow şäherlerine uçýar. Russiýanyň beýleki şäherlerine uçuşlar bolsa soňa süýşürildi.

Belarus awiakompaniýasynyň ýolagçylary ozal satyn alan petekleriniň möhletini 30-njy iýuna çenli uzaldyp biler.

Ýene degişli makalalar

13-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
SIZE MÄLIMMI?!
Serdar Azmun Zenit bilen Russiýanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy
Russiýa Açyk Asmanlar Ylalaşygyndan Çekilýär
Bilim bermegiň döwrebap usullary
"Ýeralaş" kinožurnalyny döreden Boris Graçewskiý koronawirusdan ýogaldy