Skoda, Volkswagen, Audi we SEAT awtoulaglary yzyna çagyrylýar

Skoda, Volkswagen, Audi we SEAT awtoulaglary yzyna çagyrylýar

Volkswagen AG kompaniýasy bütin dünýäde satylan dürli markadan bolan ulaglarynyň 100 müňüsini yzyna çagyrýar. Munuň sebäbi hereketlendirijiniň durýan ýerinde ýanmak howpunyň ähtimallygydyr diýip, Bild neşiri Awtoulaglaryň federal edarasyna esaslanyp habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.

Habara görä, bu çärä Volkswagen, Audi, SEAT we Skoda markalary, şol sanda Audi Q3, Skoda Octavia, VW Golf kysymlary degişlidir. Germaniýada bu ulaglaryň 40 müňüsi yzyna çagyrylar.

“Hereketlendirijiniň dizaýnerlik gorag daşynyň ýeterlik derejede berkildimezligi gyzgyn şaýlar bilen galtaşma getirip, soňlugy bilen öz-özünden ýanmak howpuny döredip biler” diýlip, edaranyň habarynda bellenýär.

Kompaniýa awtoulag eýeleri bilen göni habarlaşmagy wada berdi, hyzmat-merkezlerinde hünärmenler ady tutulan näsazlygy tiz aradan aýrarlar.

Ýene degişli makalalar

Volkswagen, Audi, Seat we Skoda ýanma howpy sebäpli 100 müňden gowrak awtoulagy yzyna gaýtarýar
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Volkswagen Russiýada awtoulaglarynyň önümçiligini bes edýändigini mälim etdi
Mercedes-Benz Russiýadaky önümçiligini we awtoulaglaryny getirmegini togtadar
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Gaz bilen işleýän gibrid ulag