“Skott О’Dell” geçen ýylyň iň köp satylan kitaplary

“Skott О’Dell” baýragy taryhy romanlary we powestleri üçin ABŞ-ly ýaş ýazyjylara berilýär.Bu baýrak 2018-nji ýyl üçin “Lowurdaýan deňziň aňyrsynda” (Beyond the Bright Sea) atly kitaby üçin Loren Wolka gowşuryldy.

Eserde heniz bäbekgä, adanyň kenaryna gelip daýanan gämiden tapylan gyzjagazyň ykbaly barada gürrüň berilýär. Ýerli ýaşaýjylar çagany ýapyk hassahanaly Peniks adasyndan gelendir öýdüp, howatyrlanyp ugraýarlar. “Skott О’Dell” baýragy 1982-nji ýylda Skott О’Dell we Zeýno Sazerlond tarapyndan esaslandyrylyp, ýeňijiler 5 müň dollar möçberindäki baýrak bilen sylaglanýar.

Bu baýrak adatça, ABŞ-da ýetginjekler üçin niýetlenip neşir edilen taryhy romanyň ýa-da powestiň awtoruna berilýär. Ýeňijini bolsa, düzümine edebiýat işgärleri we kitaphanaçylar girýän komitet kesgitleýär.

Ýene degişli makalalar

“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Awstraliýa Uly Barýer merjen gaýalaryny goramaga 700 million dollar bölüp bermekçi
Awstraliýa waksinaly syýahatçylara serhedini açýar
Dünýä Ýurtlary Russiýa Sanksiýalaryny Giňeldýär
Astronawt Wande Haý HKS-de bolmak boýunça ABŞ-nyň rekordyny täzeledi
Bellatoryň ýolbaşçysy UFC bilen bilelikde ýaryş geçirmäge taýýardygyny mälim etdi
Nemkow we Anderson Bellatoryň tituly üçin gaýtadan güýç synanyşarlar