Slowakiýa Türkmenistanda täze ilçi belledi

Slowakiýa Türkmenistanda täze ilçi belledi

Slowakiýanyň Hökümeti Wiktor Boreskini Özbegistandaky täze ilçisi hökmünde wezipä belledi. Şol bir wagtyň özünde diplomat Türkmenistanda we Täjigistanda hem ilçi hökmünde hasaba alnar. Prezident Zuzana Kaputowa 10-njy ýanwarda Bratislawadaky Prezident köşgünde ilçä şahsyýetnamasyny gowşurdy diýip, nCa habar berýär.

1965-nji ýylda doglan Wiktor Boreskiý 1989-njy ýylda Slowakiýanyň Nitra şäherindäki Oba hojalyk uniwersitetini tamamlaýar. 1994-nji ýylda Oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty derejesi üçin ylmy işini goraýar.

Ilkibaşda ol Slowakiýanyň Oba hojalygy ministrliginde zähmet çekdi. 1996-njy ýylda diplomatik gullukda işledi, 2000 — 2002-nji ýyllarda ýene-de Oba hojalygy ministrligine gaýdyp geldi. Ol 2002-nji ýylda diplomatik gulluga dolanyp, Riga, Gazagystan hem-de Bosniýa we Gersegowinanyň ilçihanalarynda işledi. Ol bu döwürlerde, esasan, ykdysady meselelere seretdi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Slowakiýanyň premýer ministriniň saglyk ýagdaýy tankydy bolmagynda galýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan bilen Slowakiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
Ýurdumyz Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar
UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi.