Slowakiýanyň premýer ministri wezipesinden çekildi

Slowakiýanyň premýer ministri wezipesinden çekildi

Russiýa-Ukraina söweşinde Kiýewi dolulygyna goldamak bilen özüni tanadan Eduard Heger, ýurduň prezidenti Zuzana Çaputowa wezipesinden çekilýändigi baradaky arzasyny berdi.

Eduard Heger beren beýanatynda, ýurduň syýasy ýagdaýy we Slowakiýa üçin iň gowusyny arzuw edýändigi üçin şolar ýaly karar kabul edendigini habar berdi.

Premýer ministri Eduard Hegeriň wezipesinden çekilmeginden soň ýurduň prezidenti Zuzana Çaputowa ýurdy sentýabr aýynda saýlawa alyp gitjek tehnokratik hökümetiň gurulmagy üçin karar kabul edendigini mälim etdi.

Ýerli metbugata görä Zuzana Çaputowa hökümetiň gurulmagy üçin Slowakiýanyň Milli Bankynyň başlygynyň orunbasary Lýudowit Odory bellär.

Ýene degişli makalalar

Fransuz Polineziýasynda garaşsyzlygyň tarapdarlary ýeňiş gazandy
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
Karl III täç geýdirildi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGYNYŇ PATYŞASYNA TÄÇ GEÝDIRMEK DABARASYNA GATNAŞDY
Slowakiýanyň Prezidenti ýurduň täze hökümet başlygyny belledi