Slowakiýanyň Prezidenti ýurduň täze hökümet başlygyny belledi

Slowakiýanyň Prezidenti ýurduň täze hökümet başlygyny belledi

Lýudowit Odor Slowakiýanyň täze hökümet başlygy bolar, bu barada düýn, ýekşenbede geçirilen gyssagly metbugat ýygnagynda Respublikanyň Prezidenti Zuzana Çaputowa habar berdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan Trend.az ýazýar.

Öň hökümet başlygynyň wezipesini ýerine ýetirýän Eduard Heger öz wezipe ygtyýarlylyklaryny tabşyrmakçydygyny beýan edipdi. kanunçylyga görä, onuň bilen bilelikde ähli Ministrler Kabineti hem işden gider.

Prezidenti Çaputowa şeýle-de Odoryň täze hökümeti düzmäge girişjekdigini habar berdi, onuň agzalary syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenjek ýolbaşçylardan düzüler. Prezident eýýäm täze ministleriň sanawyny düzdi, emma olaryň atlaryny çap etmekden saklandy diýlip, habarda aýdylýar.

Ministler Kabineti resmi taýdan düzülýänçä, onuň borçlaryny Hegeriň hökümeti ýerine ýetirer.

2022-nji ýylyň dekabrynda Slowakiýanyň Parlamenti Hegeriň koalision hökümetine ynamsyzlyk yglan edipdi. Prezident Çaputowa Hegerden täze saýlawlara çenli çäklendirilen wezipe ygtyýarlylyklaryny saklamak bilen wezipesinde galmagy haýyş etdi. Wagtyndan öňki saýlawlar 2023-ni ýylyň 30-njy sentýabryna bellendi.

Ýene degişli makalalar

Slowakiýanyň täze Premýer-ministri
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy
ABŞ Russiýa bilen söwdany artdyrdy
Türkmenpoçtanyň täze hyzmaty türkmenistanlylara ýurduň medeni durmuşy bilen tanyşmaga we dynç alşy guramaga kömek eder
Türkmenpoçta kompaniýasy ýükleri ugratmak işlerini kämilleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Çapyksuwar B.Agamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp boldy