Söýgi we hasrat atly sahna eseri halkara festiwala gatnaşyjylara görkezildi

Söýgi we hasrat atly sahna eseri halkara festiwala gatnaşyjylara görkezildi

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzda geçirilýän Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň çäklerinde oňa gatnaşýan daşary ýurtly teatr ussatlary üçin Söýgi we hasrat atly sahna eserini görkezdiler.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy esasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan Söýgi we hasrat atly taryhy tragediýasy arap şahyry Kaýs ibn al Mulawwanyň ömür ýolunyň, onuň goşgularynyň we Leýli bilen Mejnunyň pajygaly söýgüsi hakdaky halk rowaýatlarynyň esasynda taýýarlandy.

Leýli bilen Mejnunyň päk söýgüsi baradaky rowaýatlar dünýäniň köp halklaryna mälimdir. Ady agzalýan tragediýada iki juwanyň wepadarlygy, birek biregi ýürekden söýüşi barada söhbet açylýar. Iki taýpanyň agyzalalygy, birek birege duşmançylykly garaýşy, iki juwanyň mukaddes söýgüsine böwet bolýar. Mežnunyň atasy Beni Emir bilen Leýliniň kakasy Ibn Seýit goňşy ýaşaýarlar. Olaryň hersi bir taýpa baştutanlyk edýär.

Öňden gelýän tire-taýpa dawasy, olaryň agyzalaçylygyny isleýän niýetikazalaryň bet pygyllary zerarly iki ýaş juwan biri-birinden aýra düşýärler.

Öz söýgüli ýaryndan juda düşen Mežnun öýüni terk etmäge mejbur bolýar. Leýlini bolsa, onuň söýmeýän ýigidine bermekçi bolýarlar. Ol Mejnunyň dosty Zeýidiň üsti bilen bu habary öz söýgülisine ýetirýär. Başga bir taýpanyň baştutany Nowful, öz goşunlaryny Mejnunyň duşmany taýpasynyň garşysyna aýaga galdyryp, Mežnuna kömek etmäge taýýardygyny aýdýar. Mežnun gan döküşlige garşy, ýöne başga çykalga tapmaýar.

Oýnuň ahyrynda Leýlidir Mejnun ölýär. Olaryň ölümi wagşylyga, adalatsyzlyga, gahar gazaba garşy goýulan pajygaly aýdym bolup ýaňlanýar.

Söýgi we hasrat atly sahna eserinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýew Mejnunyň, Gülnabat Abdullaýewa Leýliniň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Annamyrat Saparow Beni Emiriň, Türkmenistanyň halk artisti Öwezguly Gelenow Ibn Seýidiň, artist Maýa Weligylyjowa Zeýnebiň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nargiza Halykowa Nagmanyň, Ýagmyr Gurbannazarow Abdysalamyň, Şatlyk Halykow töwellaçynyň, artistler Döwran Saryýew Nowfulyň, Merdan Handurdyýew Kelam mollanyň, Didar Kowusow Zeýidiň keşplerinde çykyş edýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen artistleri Söýgi we jepa atly taryhy tragediýa bilen TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler
Belentden ýaňlanan owazlar
Aşgabatda Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň konserti geçirildi
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi
Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli simfoniki orkestriň konserti geçirildi
Halkara teatr festiwalynyň ikinji we jemleýji günlerinde haýsy sahna eserleri görkeziler?