Türkmen artistleri Söýgi we jepa atly taryhy tragediýa bilen TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler

Türkmen artistleri Söýgi we jepa atly taryhy tragediýa bilen TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu halkara teatr festiwalyna Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we beýleki türki dilli ýurtlardan teatr toparlary gatnaşdylar.

TÜRKSOÝ-yň halkara teatr festiwaly özboluşly bir maksatnama bolup, ol türki dilli halklaryň baý medeni köpdürlüligini açyp görkezýär hem-de zehinli aktýorlar, režissýorlar, dramaturglar we prodýuserler üçin öz eserlerini halkara sahnasynda görkezmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Halkara festiwalda ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary wekilçilik etdi.Olar festiwala gatnaşyjy myhmanlara arap şahyry Kaýs ibn al Mulawwahyň biografiki maglumatlary we goşgulary hem-de Leýli — Mejnun söýgüsi baradaky halk gürrüňleri esasynda ýazylan dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň Söýgi we jepa atly taryhy tragediýasy bilen çykyş etdiler.

Ildeşlerimiziň çykyşy 4-nji noýabrda 4-nji noýabrda sagat 15:00-da Bakudaky Azerbaýjanyň döwlet akademiki rus drama teatrynda görkezildi.

Halkara teatr festiwalynda emin agzalarynyň altysy artistleri aktýorlyk başarnygyna, wakalaryň goýluş yzygiderligine, egin-eşiklere we grime, şeýle-de spektakllaryň çeper bezegine baha berdiler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowanyň hem bardygyny bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly taslamasynyň V möwsümi tamamlandy
Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy
TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi
Aşgabatda TÜRKSOÝ-nyň howandarlygynda geçirilen bäsleşikleriň jemi jemlendi
Türki dünýasiniň medeni paýtagty Anew bilen bagly jemleýji dabara we konsert geçirildi
18-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Aktau “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” bolar