Soňky 10 ýylda 11-nji gezek ýarym finalda

Soňky 10 ýylda 11-nji gezek ýarym finalda

Angliýanyň Liga Kubogy ýaryşynda (EFL Cup) çärýek finalda “Çelsi” myhmançylykda “Kardiff Siti” toparyny Granaço (57, 90+3) hem-de Netonyň (82) gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňdi. “Çelsi” topary soňky 10 ýylda Angliýanyň Liga Kubogy hem-de FA Kubogy ýaryşlarynda 11-nji gezek ýarym finala çykdy. “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Brentforddan” 2-0 (Şerki 32, Sawinio 67) hem-de “Nýukasl” topary “Fulhamdan” 2-1 (Wissa 10, Maýli 90+2 Lukiç 16) hasabynda üstün çykdy. “Arsenal” bilen “Kristal Palas” toparlarynyň duşuşygy 23-nji dekabrda oýnalar. Şeýlelikde, ýaryşyň ýarym finalynda “Nýukasl” bilen “Mançester Siti”, “Çelsi” bilenem “Arsenal” ýa-da “Kristal Palas” duşuşar. Ýarym finalyň oýunlary ýanwar we fewral aýlarynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Sanawyň lideri üýtgedi, “Ýunaýted” uly hasap bilen ýeňildi
“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi
Londondaky deňlikden soň “Mançester Siti” 1-nji orunda galdy
Mançesteriň reňki gyzyl
London derbisi deňlikde tamamlandy, “Liwerpul” ýeňşi ýatlady
“Arsenala” awtogollara ýeňiş getirdi