Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary

Şol günden bäri Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça giň-gerimli hyzmatdaşlyklar edildi.

Iki ýurduň arasynda doganlyk gatnaşyklara esaslanýan hyzmatdaşlykda soňky 1 ýylda ýetilen sepgitleri bir ýere jemledik.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar soňky wagtlarda amala aşyrylan ýokary derejeli saparlar bilen has hem berkedi. 2021-nji ýylda Türk Geňeşiniň sammitine gatnaşmak maksady bilen türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Stambula sapar gurady. Ondan soň bolsa Prezident Erdoganyň Aşgabada jogap sapary amala aşyryldy.

2022-nji ýylyň 12-nji martynda saýlaw geçirilen ýurtda, ülkäniň täze Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, Aşgabada sapar guran Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar mejlisiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Ondan soň bolsa, ýagny 30-njy iýun-2-nji iýul aralygynda Wise-prezident Fuat Oktaý, Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bagly hökümetara türkmen-türk komissiýanyň maslahatyny geçirdi. Fuat Oktaý iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Wise-prezident Fuat Oktaý: “Prezidentlerimiziň ýolbaşçylygynda kabul edilen kararlar bar. Söwda mukdaryny 5 milliard dollara ýetirmek bilen baglanşykly. Söwda mukdarymyz häzirki wagtda 2 milliard dollara ýetdi. Şu ýylyň ahyryna çenli nesip bolsa şol mukdary 3 milliard dollardan geçirmek isleýäris. Tiz wagtda şol mukdary 5 milliard dollara ýetirmekde tutanýerlidiris. Maksadymyz aslyna garanyňda 10 milliard dollara ýetirmek” diýip habar berdi.

Türkiyeden Türkmenistana soňky ýokary derejeli sapar bolsa 17-nji noýabrda TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop tarapyndan amala aşyryldy.

TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop: “Hormatly Döwlet baştutany bilen duşuşyk geçirdim.Soň bolsa Mejlisiň başlygy bilen duşuşyk geçirdim.Mejlisde çykyş etdim.Ondan soň bolsa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirdim.

Soň bolsa siziň aýdyşyňyz ýaly hyzmatdaşlyk protokolyna gol çekişdik.Saparymyň çäginde meni Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeni bilen sylaglandyrdylar” diýip mälim etdi.

Türkiyäniň we Türkmenistanyň hökümetleri soňky gezek geçirilen duşuşykda biri-birinden tapawutly ugurlar boýunça 72 maddadan ybarat ýol kartasynyň üstünde ylalaşyk gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary
Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy
Fuat Oktaý 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi
Fuat Oktaý: "DKTR-ny doly ýagdaýda goldaýarys" diýdi
Şwesiýanyň NATO agzalyk gepleşikleri yza süýşürildi