Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary

Ýokary derejeli saparlar bilen berkän doganlyga esaslanýan gatnaşyklar boýunça soňky 1 ýylda başdan geçirilen esasy wakalary siz üçin jemledik.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar soňky wagtlarda amala aşyrylan ýokary derejeli saparlar bilen täze tapgyra geçdi. 2021-nji ýylda türkmen lider Gurbanguly Berdimuhamedow, Stambula sapar gurady, ondan soň bolsa Prezident Erdogan Aşgabada jogap saparyny amala aşyrdy. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda saýlaw geçirilen ýurtda, ülkäniň täze Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, Aşgabada sapar guran Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar mejlisiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Ondan soň bolsa, ýagny 30-njy iýun-2-nji iýul aralygynda Wise-prezident Fuat Oktaý, Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bagly hökümetara türkmen-türk komissiýanyň maslahatyny geçirdi.

Wise-prezident Fuat Oktaý: “Prezidentlerimiziň ýolbaşçylygynda kabul edilen kararlar bar. Söwda mukdaryny 5 milliard dollara ýetirmek bilen baglanşykly. Söwda mukdarymyz häzirki wagtda 2 milliard dollara ýetdi. Şu ýylyň ahyryna çenli nesip bolsa şol mukdary 3 milliard dollardan geçirmek isleýäris” diýip habar berdi.

17-nji noýabrda TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentopa Aşgabatda Döwlet Nyşany gowşuryldy.

TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop: “Hormatly Döwlet baştutany bilen duşuşyk geçirdim. Soň bolsa Mejlisiň başlygy bilen duşuşyk geçirdim. Mejlisde çykyş etdim. Ondan soň bolsa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirdim. Soň bolsa siziň aýdyşyňyz ýaly hyzmatdaşlyk protokolyna gol çekişdik.

Türkiyeden Türkmenistana guralan soňky ýokary derejeli sapar bolsa 12-nji dekabrda Üçtaraplaýyn Döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşan Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan amala aşyryldy.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: “Sammitimiziň ýurtlarymyz, sebitimiz we bütin Türk dünýäsi üçin düşümli bolmagyny Allatagalladan dileg edýärin. Doganlyk esasynda berkän gatnaşyklarymyz eýe bolan strategik mümkinçilikleriň esasynda has hem özgerjekdigine tüýs ýüregimden ynanýaryn” diýip belledi.

2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiyä resmi sapar guramagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy
Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi
Fuat Oktaý 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Fuat Oktaý: "DKTR-ny doly ýagdaýda goldaýarys" diýdi
Şwesiýanyň NATO agzalyk gepleşikleri yza süýşürildi
Mirziýoýew Oktaýy Dostluk Nyşany Ordeni Bilen Sylaglady