Fuat Oktaý Şuşa Baryp Gördi

Prezidentiň Orunbasary Fuat Oktaý Azerbaýjana guran saparynyň çäginde, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Garabagyň simwoly Şuşa şäherine bardy.

Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Esedow bilen Azerbaýjanyň Prezidentiniň Şuşa boýunça ýörite wekili Aýdyn Kerimow Şuşadaky taryhy ýerlere baryp gören Oktaýa şäher hakynda maglumat berdi.

Fuat Oktaý Şuşada beren beýannamasynda, iki döwlet bir millet hökmünde Şuşada bolmakdan hoşaldygyny belledi.

Türkiýäniň basyp alyşlyk we söweş döwründe bolşy ýaly Garabagyň ýaňadandan dikeldilmegi etabynda hem Azerbaýjana goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtan Oktaý, Türkiýedäki we türk dünýäsindäki ýaşlary Şuşa çagyrdy.

Beýannamasynda Azerbaýjana guran sapary hakynda maglumat beren Oktaý, Bilelikdäki ykdysady komissiýanyň maslahatynda özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy meselesinde möhüm kararlaryň kabul edilendigini belledi.

Oktaý, alynan kararlaryň durmuşa geçirilmegi meseelsinde Azerbaýjanyň Premýer-ministri Esedow bilen ýakyndan aragatnaşyk saklajakdyklaryny nygtady we özara söwda mukdarynyň 15 milliard dollara ýetiriljekdigine ynanýandygyny ýatlatdy.

Azerbaýjanyň Premýer-ministri Esedow hem Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň gün saýyn pugtalanmak bilen dowam edýändigini belledi.

Esedow “44 günlük söwşde Azerbaýjan döwletine we halkyna uly goldaw beren Prezident Erdogana we türk halkyna minnetdarlyk bildirýäris. Biz bu goldawy asla ýatdan çykarmarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Mustafa Şentop 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Fuat Oktaý Azerbaýjanda Saparda Bolýar
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Ykrar Edilmeginiň Wagty Ýetdi
Içeri işler ministri Stambuldaky terrorçylykly hüjümiň jogapkärleri bilen bagly beýanat berdi
Stambulda guralan bombaly hüjümde 6 adam ýogaldy
Düýn Stambulda Bolan Bombaly Hüjümda Ýogalanlar Üçin Duýgudaşlyk Bildirildi