TRT Habar teleýaýlymynyň gepleşigine gatnaşan Fuat Oktaý Türkiýäniň Demirgazyk Kipr Türk Respyblikasynyň ykrar edilmegi boýunça alyp barýan işleri hakynda beýanat berdi.
Oktaý Prezident R.T.Erdoganyň sentýabr aýynda BMG-de “Halkara jemgyýetçiligi Kipr türklerine edilýän basyşy bes etmage we DKTR-ny dessine ykrar etmäge çagyrýarys” diýip, çagyryş edendigini ýatlatdy.
DKTR-nyň Türkiýäniň Gündogar Ortaýer syýasatynyň çäginde ýüzöwrülmesizdigini aýdan Oktaý; “Türkiýäniň howpsuzlygynyň üýtgewsiz şertidir. Emma şonuň ýaly hem DKTR-nyň howpsuzlygynyň şertidir. Ýagny DKTR bolmasa Türkiýäniň, Türkiýe bolmasa hem DKTR-nyň bolmajakdygyny aýdýarys” diýdi.
Fuat Oktaý Kiprde türk milletinin ähli çözgüt maksatnamalarynynyň kabul edilendigina garamazdan netije alynmandygyny, indi ýeke-täk çözgüdiň özygtyýarly, deň hukukly iki döwlet ulgamyndadygyny nygtady.
Prezident Erdoganyň DKTR-nyň ykrar edilmelidigini BMG-den bütin dünýä jar edendigini aýdan Oktaý; “Biz ony ykrar edilme usuly bilen ederis. DKTR-nyň ykrar edilmginiň wagty ýetdi” diýdi.
