Stambulda partlamada ejir çekenleriň sany 80-den geçdi

Stambulda partlamada ejir çekenleriň sany 80-den geçdi

Türkiýänyň Stambul şäheriniň merkezinde bolan partlamada ejir çekenleriň sany 81 adama ýetdi diýip, ýurduň Wise-prezidenti Fuat Oktaý beýanat berdi, bu barada MIR 24 ýazýar.

Oktaý ejir çekenleriň ikisiniň agyr ýagdaýdadygyny habar berdi. Wise-premýeriň sözlerine görä, bombany aýal partladypdyr, munuň özi ýykgynçylykly jenaýatdygyny görkezýär diýip, syýasatçy nygtady.

Ýaralananlaryň ählisi bejergi alýar, olar tiz wagtda aýaga galarlar diýip umyt edýäris diýip, Oktaý aýtdy.

Häzirki wagtda jenaýatçylykly hadysany derňemäge ýurduň Baş prokuraturasynyň 14 sülçüsi çekildi.

Öň Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan partlama dahylly adamlaryň ählisiniň jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Fuat Oktaý Azerbaýjanda Saparda Bolýar
Fuat Oktaý Şuşa Baryp Gördi
Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Ykrar Edilmeginiň Wagty Ýetdi
Içeri işler ministri Stambuldaky terrorçylykly hüjümiň jogapkärleri bilen bagly beýanat berdi
Stambulda guralan bombaly hüjümde 6 adam ýogaldy
Düýn Stambulda Bolan Bombaly Hüjümda Ýogalanlar Üçin Duýgudaşlyk Bildirildi