Soňky çempion soňky demde

Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary şu gije jemlener. “C” toparçada Angliýadan soň häzirki çempion Italiýanyň ýygyndysy kynlyk bilenem bolsa çempionlygyny goramaga mümkinçilik aldy. Öz meýdançasynda Demirgazyk Makedoniýany 5-2 hasabynda ýeňen italýanlaryň bu duşuşykdaky gollaryny Darmian (17), Kieza (41, 45+2), Raspadori (81) hem-de El Şaarawi (90+3) geçirdi.

Makedonlaryň adyndanam Atanasow (52, 74) tapawutlandy.Bu ýeňişden soň Italiýanyň ýygyndysy myhmançylykda Ukraina bilen duşuşdy.Ukrainlere ýeňiş, italýanlara deňlik hem ýeterlikdi.Golsuz geçen duşuşykdan soň Italiýanyň ýygyndysy bassyr 8-nji, umumylykda 11-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Italiýanyň ýygyndysy 34 oýundan soň Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynda gol geçirip bilmedi.Olara soňky gezek 2010-njy ýylda Demirgazyk Irlandiýa bilen bolan duşuşyk gol geçirmek başartmandy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Iskederiň Sarkofagy
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
Albaniýada geçirilen matematika olimpiadasynda türkmenistanly okuwçylar medallara mynasyp boldular
“Täze demokratiýanyň” ynamly ýeňşi