Soňky gezek Emeri ýeňipdi, ýene-de Emeri ýeňdi

UEFA Çempionlar Ligasynda tapgyryň ýene bir garaşylmadyk netijesi Angliýada hasaba alnyp, “Aston Willa” öz meýdançasynda “Bawariýany” 1-0 hasabynda utdy. Ýeke-täk goly 79-njy minutda Jon Duran geçirdi.

Iki topar mundan öňem 1982-nji ýylyň finalynda duşuşypdy we şonda-da “Aston Willa” 1-0 hasabynda ýeňipdi. Şeýlelikde, “Bawariýa” bu ýaryşyň ozalky toparçalaýyn, häzirki liga tapgyrynda 41 oýundan soň ilkinji gezek utuldy. “Bawariýany” soňky gezek hem “Aston Willanyň” häzirki tälimçisi Unaý Emeri 7 ýyl ozal, 2017-nji ýylda-da PSŽ bilen utupdy (3-0).

Emeri portugaliýaly Žoze Mouriniodan soň “Bawariýany” 3 dürli topar bilen ýeňen 2-nji tälimçi boldy.

Ýene degişli makalalar

111 ýyllyk rekord gaýtalandy
Ýeke gol hem geçirtmedi
“Premier Ligada” ýylyň tälimçisi we ýylyň futbolçysy belli boldy
Mask: emeli aň has “akylly” bolar
Dünýäde ilkinji howpsuz emeli aň hakyndaky kanun güýje girdi
BMG tarapyndan taýarlanan habarnama halkara galplyk ulgamynda gynamalaryň köpelýändigini görkezýär