Soňky jaň’ dabaralary güýçlendirilen gözegçilikde geçirilýär

Soňky jaň’ dabaralary güýçlendirilen gözegçilikde geçirilýär

Bu ýyl Türkmenistanda mekdebi tamamlaýan uçurym ýaşlar “Soňky jaň” dabaralaryny çäklendirilen görnüşde gutlaýarlar. Muňa garamazdan, uçurymlaryň 25-nji maýda bellenilýän bu dabaralara çykarýan çykdajylary, ýurtdaky agyr ykdysady krizisiň arasynda gurpdan düşendigini aýdýan ene-atalara hasam köp agram salýar.

“Türkmenabadyň ähli mekdeplerinde güýçlendirilen gözegçilik ýola goýuldy. Uçurymlara mekdepde geçiriljek Soňky jaň’ dabaralaryndan soň toplanyşyp kafedir restoranlara gitmeli däldigi, oturylyşyk gurnamaly däldigi, şeýle-de giçlik sagat 20-den soň şäheriň köçelerinde görünmeli däldigi tabşyryldy” diýip, türkmenabatly ene-atalaryň biri 24-nji maýda giçlik habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň ýurduň beýleki künjeklerindäki habarçylary hem öz bolýan sebitlerinde bu hili çäklendirmeleriň girizilendigini tassykladylar.

Häkimiýetleriň “Soňky jaň” dabaralaryny eýýäm ençeme ýyl bäri çäkli görnüşde guramalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna resmi derejede düşündiriş berilmeýär. Emma Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan mugallymlaryň biri munuň uçurymlaryň gatnaşmagyndaky mümkin bidüzgünçilikleriň öňüni almak, şeýle-de dürli üýşmeleňler üçin aşa pul çykdajylaryny etdirmezlik maksadyndan amal edilýändigini belledi.

Emma howpsuzlyk jähtinden şahsyýetini we perzendiniň okaýan mekdebini äşgär etmezligi soran ene-atalaryň biri, häkimiýetleriň çäklendirmelerine hem garamazdan, özleriniň ortaça 2 müň 3 müň manat aralygynda çykdajy edendiklerini gürrüň berdi.

“Elbetde, bu çagalarymyzyň durmuşyndaky ýatdan çykmajak pursatlaryň biri. Biz höwes bilen olaryň isleýşi ýaly gutlap bilmegi üçin pul çykarardygam welin, häzir gündelik çöregimiz alada bolup dur. Üýşmeleňler, bagşylar, täze lybaslar, mugallymlar üçin sowgatlar... bularyň ählisi meniň tutuş bir aýlyk zähmet hakymdan hem aşýar. Bu sebäpli karz-kowala hem girmeli boldum” diýip, 30 ýaşlarynyň aýagyndaky söhbetdeşimiz belledi.

Ol mekdep mugallymlarynyň gutardyş synaglarynda hemaýat bermegi wada berip, gymmatbaha sowgatlara tamakin bolýandyklaryny hem sözüne goşdy.

“Okuwçylaryň arasynda, esasan hem gutardyş synaglaryny kabul etjek mugallymlara iň gowy sowgady, iň gymmat gül dessesini bermek ugrunda özboluşly bäsleşik gidýär. Mugallymlaryň özleri hem muňa meçew berýärler. Çagam dawa edip, 200 manada gül dessesini satyn aldyrdy. Beýleki ene-atalar hem 80-300 manat aralygynda çykdajy edip, gül almaly bolandyklaryny aýtdylar” diýip, türkmenabatly uçurumlaryň biriniň ejesi gürrüň berdi.

Ol gyz uçurumlaryň, ýurtda aýal-gyzlaryň daşky keşbine garşy ozal görlüp-eşidilmedik çäklendirmeleriň girizilýän wagtynda hem, diňe saçlaryna timar berdirmek üçin 100-150 manat aralygynda çykdajy edýändiklerini belledi.

Galyberse-de, mundan bir hepde öň prezident Serdar Berdimuhamedow uçurymlaryň “Soňky jaň” dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Ol uçurymlaryň bu gün barada “iň ýakymly ýatlamalarynyň” galmagy üçin, Yzgant şäherindäki özüniň atasy Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän 27-nji orta mekdebine gül desselerini goýmak çäresini oňlady. 19-njy maýda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde ýurduň ähli mekdeplerinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary esasynda baýramçylyk dabaralarynyň gurnaljakdygy hem bellenildi.

Emma görnüşinden ýurtda bir maşgalanyň şahsyýet kultuny hasam güýçlendirmäge gönükdirilen bu çäreler bilen birlikde, “Soňky jaň” dabarasy güni girizilýän çäklendiriji düzgünler barada hiç zat aýdylmady.

Türkmen häkimiýetleri bu ýyl mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň sany barada hem entek maglumat bermedi.

2013-nji ýylda Türkmenistanda 25-nji maýy her ýyl Aşgabat güni hökmünde belläp geçmek kararlaşdyryldy. Şondan bäri, uçurym dabaralary Aşgabat gününe hem gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

CNPC-niň şahamçasy Türkmenistan bilen işgärleri taýýarlamak pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr
Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi