Soňky jaň güni aşgabatly okuwçylara paýtagtyň gözel ýerlerini görkezerler

Türkmenistanda nobatdaky okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabaranyň programmasy işlenip düzüldi.

“Soňky jaň” dabaralary ýurduň otra mekdepleriniň ählisinde “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçiriler.

Uçurymlar üçin paýtagtyň gözel ýerlerine gezelençler gurnalar diýip, TDH habar berýär.

25-nji maýda Aşgabadyň konsert merkezinde dabara gurnalyp, ol ýerde ýurduň mekdeplerini iň gowy bahalar bilen tamamlan uçurymlara prezidentiň adyndan sowgat gowşurylar.

Welaýat merkezleriniň hem ählisinde okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabaralar geçiriler.

Belleýäris, geçen ýyl mekdebi tamamlan okuwçylara soňky jaňy bellemek gadagan edildi. Olaryň hökmany gutardyş dabarasyndan soň öýlerine gitmekleri buýruldy. Kafeleriň we barlaryň eýelerine uçurymlaryň gatnaşmagynda banketleri we duşuşyklary geçirmek gadagan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

TDMI-niň studentleri ruhy we fiziki basyşdan şikaýat edýärler
Türkmenistanda mekdebi tamamlanlara Soňky jaň oturyşyklaryny gadagan etdiler
Uçurym: 'Türkmenistanda 2 ýyldan bäri parasyz ýokary okuwa girip bilemok'
18.05.2018 | Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
25.05.2018 | Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine