Türkmenistanda mekdebi tamamlanlara Soňky jaň oturyşyklaryny gadagan etdiler

25-nji maýda Türkmenistanyň mekdeplerinde Soňky jaň baýramçylyklary boldy. “Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynyň ýazmagyna görä, bu ýyl mekdebi 85 müň okuwçy tamamlaýar.

Mekdep okuwçylaryny ir bilen dürli köpçülik çärelerine dabaraly lineýkalara, ýädyägrliklere gül goýmaga, şäher boýunça ýöriş geçirmäge we beýlekilere çekdiler.

Şol bir wagtda, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” çeşmeleriniň habar bermeklerine görä, uçurymlara häkimiýet gözegçilikden üzňelikde ýygnanyşmagy gadagan etdiler. Sapaklar we hökmany gatnaşmaly dabaralar tamamlanandan soň, olaryň öýlerine gitmekleri buýruldy.

Kafeleriň we barlaryň eýelerine uçurymlaryň gatnaşmaklarynda banket we oturyşyk geçirmek gadagan edildi. Olardan iş ýerlerini agşam sagat 9-dan gijä galman ýapmagy talap etdiler.

Uçurymlar we mugallymlar, elbetde, nägile boldular. Köpler dostlary we klasdaşlary bilen öýde oturyşyk etdiler.

Ýene degişli makalalar

Maryda gadagan edilen täze ýyl çärelerini çagalar üçin çäkli geçirmäge mümkinçilik berildi
Türkmenistan COVID-19 çäklendirmeleriniň möhletini uzaldýar
Ýurtda dowam edýän pandemiýa çäklendirmeleriniň fonunda Türkmenabatda bir bazar gaýtadan açyldy
Aşgabatda bazarlar, kafeler we restoranlar açylýar. COVID-19 ýoklugynyň kepilnamasy talap edilýär
Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy
Medwedow dünýäniň birinji raketkasy derejesinde özüniň ilkinji oýnuny ýeňiş bilen tamamlady
Aşgabatda her polisiýa öz nobatynda 10 adama jerime salmaly (Audio)