Soňky synanyşygyndan öň sekizinjidi, çempion boldy

Wengriýanyň paýtagty Budepeştde dowam edýän ýeňil atletika Dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda üçürdikläp bökmekde çempion bu ýylam üýtgemedi.Wenesuelaly Ýulimar Rohas bassyr 4-nji altyn medalyny boýnuna dakdy.

Ol ýaryşyň final tapgyrynda ilkinji 5 synanyşygyň netijesinde 8-nji orunda barýardy. 2 synanyşygy hasaba alynmadyk 28 ýaşyndaky türgen 3 synanyşygynda-da gowy netije görkezmedi. Ýöne soňky synanyşygynda 15,08 metre böken Rohas çempion boldy oturyberdi.

Ol bu ugurda 15 metre böken ukrainaly Marina Beh-Romançukdan hem-de kubaly Leýanis Peresden (14,96 metr) öňe saýlandy. Şeýlelikde, üçürdikläp bökmekde yzly-yzyna 4 çempionlyk gazanan ilkinji türgen boldy.

Ol umumylykda Kristian Teýlordan soň 4 Dünýä çempionlygyny gazanan 2-nji türgen hökmünde hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Soňky synanyşygyndan öň sekizinjidi, çempion boldy
10 ýaryşdan soň ýeňiji üýtgedi
Zeýnep Sönmez Ikinji Orny Eýeledi
Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
Gresiýa poçta arkaly ses bermegi ýola goýar