Şoýgu Fransuz Käredeşine Duýduryş Berdi

Şoýgu Fransuz Käredeşine Duýduryş Berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada Şoýgunyň Fransiýanyň “egilşiksiz talabyna” laýyklykda Lekornýu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi habar berildi.

Lekornýunyň paýtagt Moskwadaky “Krokus Hol Siti” konsert zalyna guralan terror hüjümi üçin duýgudaşlyk bildirendigi nygtalyp; “Lekornýu şol bir wagtda-da jogapkärçiligi DEAŞ-yň üstüne atyp, Ukrainanyň we günbatar ýurtlarynyň terror hüjümine goşulmandygyny düşündirmäge synanşdy” diýilýär.

Rus ministri Şoýgunyň terror hüjümi boýunça derňew işiniň gutarjakdygyny we jogapkärleriniň jezalandyryljakdygyny nygtandygy, terror hüjüminiň guramalmagynda Ukrainanyň goşandy bilen bagly maglumatlaryň bardygyna üns çekendigi beýan edildi.

Beýannamada ministr Şoýgunyň fransuz kärdeşi Lekornýuwa “Resmi Kiýew günbatarly kuratorlaryň razyçylygy bolmasa hiç zat edip bilmeýär. Biz bu işiň aňyrsynda fransuz howpsuzlyk gullugynyň çykmazlygyny tama edýäris” diýendigi mälim edilýär.

Telefon söhbetdeşliginde Ukraina meselesiniň hem selderilendigi nygtalyp; “Elize köşküniň Ukraina fransuz harby goşunlaryndan esger ugradylmagy hakyndaky beýannama hakynda Şoýgu, ol iş ýüzüne geçen halatynda onuň gönüden Fransiýa üçin kynçylyk döretjekdigini beýan etdi” diýilýär.

Ýene degişli makalalar

Şoýgu Fransuz Kärdeşine Duýduryş Berdi
Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ukrain diline terjime edilen ýygyndysy çap edildi
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
Türkmenistan bilen Ukraina atçylyk ugrunda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Russiýa Beýik Britaniýa duýduryş berdi
Russiýa, Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär