Türkmenistan bilen Ukraina atçylyk ugrunda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Ukraina atçylyk ugrunda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýew bilen Kiýew şäherindäki Bioresurslar we tebigatdan peýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň rektory Stanislaw Nikolaýenkonyň arasynda şu ýylyň 30-njy aprelinde geçirilen duşuşykda taraplar oba hojalyk ugurlarda, şol sanda atçylyk ugurda tejribeli hünärmenleri taýýarlamakda özara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda bu ýokary okuw jaýy bilen Türkmenistanyň Aba Annaýewiň adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Ilçi Toýly Ataýew türkmen atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň UNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulandygy, şeýle-de Türkmenistanda meşhur ahalteke tohumyny gorap saklamak we kämilleşdirmek boýunça häzirki zaman çemeleşmeler barada gürrüň berdi.

Uniwersitetiň rektory Stanislaw Nikolaýenko öz gezeginde Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan peýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň okuw ugurlary, uniwersitetiň tehniki we maddy binýady barada gürrüň berip, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň wekilleri uniwersitetiň çägindäki atçylyk sport toplumyna at münmek, seýislemek, ýaryşlara türgenleşmek we päsgelçilikleri ýeňip geçmek ýaly sapaklaryň geçirilýän ýerine hem-de uniwersitetiň bal aryçylyk pudagy boýunça hünärmenleri taýýarlaýan we onuň çäginde ýerleşýän aryçylyk boýunça Goloseýewskiý ylmy-barlag we önümçilik barlaghanasyna baryp gördiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Kiýewdäki Magtymguly adyndaky kitaphanada şygryýet we sazly çäre geçirildi
Kiýewdäki Magtymguly adyndaky kitaphanada şygryýet we sazly çäre geçirildi
Russiýanyň Ukrainadaky hüjümlerinde alty adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy