SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon-3 kosmos gämisi HKS-e ugur aldy

SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon-3 kosmos gämisi HKS-e ugur aldy

SpaceX kompaniýasynyň dolandyrylýan Crew Dragon gämisi Falcon 9 raketasynyň ikinji basgançagyndan üstünlikli bölünip aýryldy we Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ugur aldy.

Ekipažyň agzalary — Crew-3 Endurance maksatnamasynyň astronawtlary orbitada alty aýa golaý bolarlar.Mundan öň, kosmosa uçuş ýaramaz howa şertleri sebäpli birnäçe gezek yza süýşürilipdi.Bu gezekki uçurylyşdaky kosmos gämisi ilkinji gezek ulanylýar.

Mundan öň, sişenbe güni, 9-njy noýabrda Atlantika ummanynda Florida ştatynyň kenarlarynda Crew Dragon Endeavour kosmos gämisi üstünlikli gaýdyp geldi.Onuň bortunda Crew-2 maksatnamasynyň astranawtlary Şeýn Kimbrou we Megan Makartur, Ýewropa kosmos agentliginiň astronawty Toma Peske, şeýle hem Aerokosmiki barlaglaryň ýapon agentliginiň astronawty Akihiko Hoside bardy.

Ýene degişli makalalar

Eýran harbylary oppozision kanalyň hemra ýaýlymy boýunça Türkmenistana “açyk duýduryş berdi"
“SpaceX” ikinji gezek astronawt uçurdy
Türkiýe orbita täze aragatnaşyk hemrasyny uçurdy
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Ýewropa kosmosa dolandy
Aşgabatda Türkmenistan BAE işewürler maslahaty geçirildi