Türkiýe orbita täze aragatnaşyk hemrasyny uçurdy

Türkiýe orbita täze aragatnaşyk hemrasyny uçurdy

Falcon 9 raketasy ýekşenbe güni irden Türkiýäniň täze telekommunikasion hemrasy Turksat 5B-ni orbita üstünlikli çykardy. Bu barada SpaceX kompaniýasy habar berdi. Muny www.interfax.ru ýetirýär.

Uçuryş Florida ştatynyň Kanaweral burnunda ABŞ-nyň HHG bazasynyň 40-njy uçuş toplumyndan amala aşyryldy. Uçuşdan, takmynan, 34 minut soň agramy 4,5 tonna bolan kosmos enjamy geostasionar orbita çykaryldy. Ol sanly telewideniýe we giň zolakly internet hyzmatlaryny bermek üçin niýetlenendir.

Uçuşdan, takmynan, 9 minut geçenden soň uçuş üçin eýýäm üçünji gezek ulanylan Falcon 9 raketa göterijisiniň ilkinji köp gezeklik basgançagy Atlantikada kosmodromdan 660 km uzaklykda ýerleşen A Shortfall of Gravitas deňiz platformasyna dik gonuşy amala aşyrdy.

Turksat 5B Türkiýäniň orbital toplumynda bäşinji we iň kuwwatly telekommunikasion hemradyr. Şu ýylyň ýanwar aýynda uçurylan Turksat-5A ýaly täze aragatnaşyk hemrasy hem bäşinji nesliň enjamlaryna degişlidir. Ol Ku-diapazonynda işlär we 55 Gbit/s-den ýokary maglumat geçiriş tizligini üpjün eder. Bu türk hemralarynyň tutuş toplumynyň geçirijilik ukybyny 15 esse artdyrmaga mümkinçilik berer.

Enjam Airbus Defence and Space korporasiýasy tarapyndan döredildi. Ol hemra aragatnaşyk operatory Turksat tarapyndan ulanylar. Hemra Türkiýäni, Ýakyn Gündogary, Pars aýlagyny, Gyzyl deňzi, Ortaýer deňzini, Demirgazyk we Gündogar Afrikany gurşap alar. Onuň hyzmat ediş möhleti 15 ýyla niýetlenýär.

Ýene degişli makalalar

Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon-3 kosmos gämisi HKS-e ugur aldy
Ilkinji emeli hemrasyny uçurdy
“TürkmenÄlem 52.0E” alty ýaşynda
BAE-niň roweri noýabrda Aýa uçurylmak üçin ähli synaglardan geçdi