Spiegel: Şolsuň goňşulary zibil gutudan G7-ligiň gizlin resminamalaryny tapdylar

Spiegel: Şolsuň goňşulary zibil gutudan G7-ligiň gizlin resminamalaryny tapdylar

Germaniýada zibil gutusyndan gizlin resminamalar tapyldy. Olar ýurduň premýeri Olaf Şolsuň diwanyna degişli kagyzlar bolup çykdy diýip, RIA Nowosti bu ýurduň Spiegel neşirine esaslanyp habar berdi.

Neşiriň ýazmagyna görä, resminamalary Şolsuň goňşulary tapypdyrlar. Kagyzlarda olarda gizlindigini aňladýan bellikler bar eken. Resminamalardaky habarlar golaýda geçen Uly ýediligiň sammitine degişli. Olarda şeýle-de Ýediligiň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarydyr olaryň ýanýoldaşlary barada maglumatlar hem bar eken.

Ýerli habar beriş serişdeleri wajyp resminamalary zibile Şolsuň aýaly Britta Ernstiň taşlap biljekdigini ýazýarlar. Olar beýle ünssüzligiň ýolberilmesizdigini, ähli gizlin resminamalaryň zibile atylman, ýok edilmelidigini belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň beren Leopard tanklarynyň Ukraina barandygy öňe sürüldi
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn