Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Kataryň koordinasiýasy bilen Stambul, öňümizdäki aý Owganystan bilen baglanşykly maslahata ýer eýeçiligini eder.

Watan (Oman): Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, koronawirus epidemiýasyna garşy göreş programmasyna has köp goldawyň berilmegi barada çagyryş berdi.

Al-Mustakbal (Liwan): London, Siriýanyň Döwlet baştutany Başar Asadyň aýalyny Britaniýanyň raýatlygyndan çykarmagy we özüne garşy terrora garşy göreşiň çäginde kazyýet işini gozagamagy pikir edýär.

Deutsche Welle: Germaniýada hassahanalaryň agyr keselliler bölüminde ýer ýetmezçiligi başdan geçirilýär.

Zeit Online: Germaniýada koronawirus epidemiýasy çäklendirmeleri bilen bagly geçirilen protestlerde 12 polisiýa işgäri ýaralandy.

Spiegel Online: ÝB Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Frans Timmermans: "Sanjym strategiýasynda ýalňyşlyklar goýberildi" diýip belledi.

La Razon, Boliwiýa: Prokuratura, Boliwiýanyň ozalky Döwlet baştutany Žanin Anýesiň tussag edilmegini talap edýär.

El Mundo, Ispaniýa: Günorta Amerika ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky dünýä gegemoniýasy üçin täze söweş meýdany boldy.

El Pais, Ispaniýa: ABŞ-nyň Meksika serhedine gelen köp sanda çaga bosgun sebäpli, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden adatdan daşary ýagdaýy gün tertibe getirdi.

Le Parisien: Kowid-19: Fransiýanyň Ylmy geňeşiniň agzalary soňky maslahatda sebitleýin strategiýanyň durmuşa geçirilmegi barada maslahat berdi.

Le Monde: Ýakyn Gündogar ýarag satýan ýurtlar üçin bir ýaryş ýerine öwrüldi.

Le Figaro: Fransiýanyň Premýer ministri Žan Kasteks, pandemiýa sebäpli ýurtda başdan geçirilýän krizisden çykmak meýilnamasyny düzmek üçin kärdeşler arkalaşyklary we iş bilen üpjün edýän guramalar bilen maslahat geçirer.

Lenta.ru: Russiýanyň uly şäherleriniň ýaşaýjylarynyň ýarsynda koronawirusa garşy antitela döredi.

TASS: Russiýa we ABŞ dünýäniň iň uly ýarag öndürijisi bolmaga dowam edýär.

Izwesiýa: FIFA, 3 rus türgene garşy doping bilen bagly derňew başlatdy.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurt metbugatyna syn
Hyzmatlary dolylygyna online usulyna geçirmek müşderileriň rahatlygy
Online okuw sapagy
Ussatlyk sapagy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Türkmenistanda mejbury abuna ýazylyşyk onlaýn görnüşe geçýär