Şu gün 1976-njy ýyldaky Monreal Olimpiadasynda taryhy waka bolup geçýär. Rumyniýaly gimnastikaçy Nadiýa Komaneçi şol wagta çenli görlüp eşidilmedik üstünlik gazanýar. Ol görkezen çykyşyndan soň, 10 utuk toplamagy başarýar. Şeýle-de şu gün italiýaly meşhur futbolçy, Interiň 1960-njy ýyllardaky ýeňişlerine uly goşant goşan Jasinto Fakkettiniň, iňlis tälimçisi Alan Pardýuwyň doglan günleri.
1942 Italiýaly meşhur futbolçy Jasinto Fakketti dünýä inýär.
1961 Angliýaly ozalky futbolçy we tälimçi Alan Pardýuw dünýä inýär.
1976 Rumyniýaly gimnastikaçy Nadiýa Komaneçi Monreal Olimpiadasynda 10 utuk toplap, Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda muny başaran ilkinji gimnastikaçy bolýar.
1990 Meksikaly boksçy Kanelo Alwares dünýä inýär.
