Sportuň taryhynda şu gün 8-nji sentýabr

1888 Angliýanyň çempionatynyň 1-nji möwsüminiň (18881889) ilkinji duşuşyklary oýnalýar. 12 toparyň gatnaşan çempionatynda (Football League) möwsümiň ahyrynda “Preston Nort End” kluby çempionlyk gazanýar.

1972 Germaniýaly futbolçy Markus Babbel dünýä inýär.

1986 Portugaliýaly futbolçy Žoao Moutinio dünýä inýär

1986 Kolumbiýaly futbolçy Karlos Bakka dünýä inýär.

1988 Kubaly ýeňil atletikaçy Hawier Sotomaýer beýikligine bökmekde dünýä rekordyny goýýar (2,43 metr).

2002 “Amerika Açyk” tennis ýaryşynyň finalynda Andre Agassini ýeňen Pit Samprass 14-nji “Uly tuwulga” rekordyny gazanýar. Bu görkeziji ençeme ýyllar rekord görkeziji hökmünde galýar.

2018 “Amerika Açyk” tennis ýaryşynyň finalynda Naomi Osaka amerikaly Serena Williamsy 2:0 ýeňýär we ol “Uly tuwulgada” çempionlyk gazanan ilkinji zenan tennisçi bolýar.

Ýene degişli makalalar

Şu wagt dünýäniň iň gymmat futbolçysy kim?
Serenanyň 31-nji, Osakanyň 1-nji finaly
Ilkinji ýapon tennisçisi
Ýyldyzlaryň finaly:Jokowiç — Nadal
Ýene-de Lewandowski. Žurnalistler ýylyň iň gowy türgenlerini yglan etdiler
Iň köp mahabat alýan türgenler