Iň köp mahabat alýan türgenler

Angliýanyň “GlobalData Sport Intelligence Center” şereketi türgenler, hemaýatkärlikler we mahabatlar bilen baglanyşykly geçiren analiz-işleriniň netijesini habar berdi. Şereket hemaýatkärlerden, has takygy, mahabatlardan iň köp girdeji gazanan 25 türgeniň sanawyny mälim etdi.

Olaryň umumylykda mahabatlardan gazanýan girdejisi 226 million dollara deňdir.Iň öňdäki 5 türgeniň 3-si futbolçy, beýlekileri-de tennisçi we golfçy türgenlerdir. 25 türgeniň arasynda diňe 2 sany zenan türgen bolup, olar tennisçiler amerikaly Serena Williams bilen ýaponiýaly Naomi Osakadyr. Şeýle-de sanawda Messi, Ronaldo we Neýmardan başga ýeke futbolçy hem ýok.

Hasabata görä, sanawda 1-nji orny 89 million dollar bilen “Onuň alyhezretleri” lakamly, tennisiň ägirdi, şweýsariýaly Rojer Federer eýeleýär.

Rojer Federer 89 million dollar

Neýmar 46 million dollar

Kristiano Ronaldo 40 million dollar

Lionel Messi 36 million dollar

Taýger Wuds 32 million dollar

The post Iň köp mahabat alýan türgenler appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň türgenleri saýlandy
Ýylyň türgenleri saýlandy
“Gazanylan üstünlikleriň” sanawy. Okyjydan
Geçen ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri
11 ýyldan soň
Ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri