Şri-Lankadan ýazyjy Şehan Karunatilaka edebiýat boýunça Buker baýragynyň eýesi boldy

Şri-Lankadan ýazyjy Şehan Karunatilaka edebiýat boýunça Buker baýragynyň eýesi boldy

Şri-Lankadan ýazyjy Şehan Karunatilaka “Maali Almeýdanyň ýedi Aýy” (The Seven Moons of Maali Almeida) romany üçin 2022-nji ýylyň edebiýat boýunça Buker baýragyna mynasyp boldy. Bu barada TASS habar berýär.

Emin agzalarynyň gelen karary barada Londonda baýragyň gowşurylyş dabarasynda yglan edildi.Baýragyň saýtynda bellenilişi ýaly, gülküden doly bu kitap iň ýakyn adamlaryny Şri-Lankany haýran galdyrjak suratlar bolan gizlin ýere getirmek üçin ölüminden soň ýedi Aýy bolan harby fotograf Maali Almeýdanyň o dünýädäki başdan geçirmeleri barada gürrüň berýär. Ýeňijä baýragy şa zenany-konsort Kamilla gowşurdy.

Dünýä tarapyndan ykrar edilmekden we eserleriniň satuwynyň ep-esli ýokarlanmagyndan başga-da, baýragyň eýesi 50 müň funt sterling ($57 müň) möçberinde pul baýragyny alar. Ýeňijiniň adyny yglan etmek bilen, emin agzalarynyň başlygy, britaniýaly sungaty öwreniji we ýazyjy Nil Makgregor bu romany “diňe bir dürli žanrlaryň däl, eýsem ýaşaýyş bilen ölümiň, beden bilen ruhuň, Gündogar bilen Günbataryň serhetlerini aýyrýan metafiziki triller, ahyret nuary diýip atlandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Buker baýragynyň gysga sanawy mälim edildi
Halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri atly duşuşyk geçirildi
Buker baýragy bolgar ýazyjysy Georgi Gospodinowa berildi
Buker baýragynyň eýesi mälim edildi
Türkmenistan parahatçylyk döredijilik strategiýasyny öňe sürýär
Türkmenistan we ÝHHG-nyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi