Şri-Lankanyň premýer-ministri ýurduň ykdysadyýetiniň ýykylandygyny yglan etdi

Şri-Lankanyň premýer-ministri ýurduň ykdysadyýetiniň ýykylandygyny yglan etdi

Şri-Lankanyň ykdysadyýeti gutarnykly ýumruldy, indi ýurt nebiti daşary döwletlerden satyn almaga ukypsyz diýip, düýn ýurduň hökümet başlygy Ranil Wikramasinghe beýanat berdi.

Interfaksyň ýazmagyna görä, hökümet başlygy: Biz adaty ýangyç, gaz, elektrik togy we azyk ýetmezçiliginden has çylşyrymly ýagdaýa düşdük. Biziň ykdysadyýetimiz doly ýykyldy, bu häzirki günde iň agyr meseledir diýdi. Onuň sözlerini Associated Press habarlar gullugy getirýär.

Ranil Wikramasingheniň bellemegine görä, Şri-Lankanyň Ceylon Petroleum Corporation iri nebitgaz kompaniýasyna bergisi bu gün 700 million amerikan dollaryna deňdir, şunda hiç bir ýurt ýa-da gurama bize ýangyç bermäge taýýar däl diýip, ol nygtady.

Premýer-ministriň aýtmagyna görä, hökümet ýagdaýdan halas bolmak üçin wagtynda hiç hili çäre görmedi, sebäbi Şri-Lankanyň altyn pul gorlary azaldy. Häzirki wagtda ýurtda benzin ýok, ýangyjyň beýleki görnüşlerine, importdan getirilýän azyga we derman serişdelerine ýiti mätäçlik duýulýar.

Şri-Lanka 1948-nji ýylda Beýik Britaniýadan garaşsyzlygyny gazanandan bäri iň çynlakaý krizisi başdan geçirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda türkmen-malaý energiýa hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirilýär
Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Hindistan-Pakistan dartgynlylygy Türkmenistanyň iri energetika taslamasynyň geljegine kölege salýar
Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy
Türkiýe Pakistanda nebit-gaz gözleg işlerini geçirer
Argentina ilçihanasyny Iýerusalime göçümek meýilnamasyny togtatdy
Hindistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri suwuklandyrlan tebigy gaz şertnamasyny baglaşdy