SSSR-iň halk artisti Ýuriý Solomin hassahana ýerleşdirildi

SSSR-iň halk artisti Ýuriý Solomin hassahana ýerleşdirildi

Russiýadaky Kiçi teatryň çeper ýolbaşçysy, SSSR-iň halk artisti Ýuriý Solomin Moskwanyň hassahanalarynyň birine agyr ýagdaýda ýerleşdirildi. Onuň taby agyr diýlip hasaplanýar diýip, RIA Nowosti habar berdi.

Reanimasiýa bölüminde ýatyr. Ýagdaýy agyr, akyly saz, özbaşdak dem alýar diýip, lukmanlar habar berdiler.

Görnükli artist Ýuriý Solomin 1935-nji ýylda Çita şäherinde doguldy. 1961-nji ýylda Şepkin adyndaky ýokary teatr uçilişşesinde talyplara sapak berip başlady, ol aktýorlyk ussatlygy kafedrasynyň professorydyr.

Kiçi teatrda režissýor bolup işleýän Solomin birgiden nusgawy çeper filmlerde we teatr sahnalarynda ýatdagalyjy keşpleri döretdi.

Ýene degişli makalalar

SSSR-iň halk artisti Ýuriý Solomin aradan çykdy
Malaýziýada täze Patyşany saýladylar
Täjigistanda dynç alýan russiýaly jahankeşdeler köpelýär
BMG-de dünýädäki ýagdaýa baha berdiler
Ärdogan Türkiýäniň dolandyryjy partiýasynyň başlyklygyna täzeden saýlandy
Türkmen wekiliýeti Owganystan boýunça Moskwa formatynyň bäşinji mejlisine gatnaşdy