Stambulda türkmen we türk aktiwistleri metbugat ýygnak geçirdiler we Türkmenistanyň emeldarlaryny kazyýete berdiler

Stambulda türkmen we türk aktiwistleri metbugat ýygnak geçirdiler we Türkmenistanyň emeldarlaryny kazyýete berdiler

20-nji iýunda Stambulda türkmen we türk aktiwistleriniň, adam hukuklaryny goraýjylaryň, hukukçylaryň hem jurnalistleriň gatnaşmagynda metbugat ýygnak geçirildi diýip “Türkmen Helsinki fondy” (THF) habar berýär.

Metbugat ýygnagyny alyp baryjy Gülden Sönmez Türkmenistanly migrantlardan öz ýurdynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan syýasaty netijesinde öňüni alyp bolmaýan meseleleri bilen ilteşikli gelýän arzalaryň akymynyň artandygy barada gürrüň berdi we gumanitar krizise üns bermäge çagyrdy. Türkmen aktiwistleri bolsa, migrantlaryň meseleleri we Türkmenistanyň häkimiýetleriniň yzarlamalary barada habar berdiler.

Metbugat ýygnagynyň jemleri boýunça 8 sany ynsan hukuklary guramalary türkmen raýatlarynyň hukuklarynyň bozulýandygy baradaky faktlary hasaba almaga we olaryň Türkmenistana berilmegi boýunça talaplary ret etmäge Türkiýäniň häkimiýetlerini çagyrýan beýannama gol goýdylar.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar türkmen häkimiýetlerine ýüzlenip, ”adam hukuklary bilen ilteşikli ýagdaýlaryň ösmegi we gumanitar krizisiň bes edilmegi üçin syýasy erk görkezmäge hem zerur çäreleri görmäge” çagyrdylar.

Mundan bir gün soňra, 21-nji iýunda aktiwistler Türkmenistanyň ýokary derejeli häzirki we öňki sekiz sany emeldaryny Türkiýäniň esasy prokuraturasyna berdiler, Stambulyň kazyýetiniň öňünde protest geçirdiler we jurnalistler bilen söhbetdeş boldylar.

THF-niň ýazmagyna görä, aklawjylar we arza berenler Türkmenistanda häkimiýetleri tankytlaýan raýatlaryň hukuk goraýjy edaralar tarapyndan yzarlanýandyklary barada beýannama ýaýratdylar.

Beýannamanyň rusça mazmuny bilen THF-niň saýtyndan tanyşmak mümkin.

The post Stambulda türkmen we türk aktiwistleri metbugat ýygnak geçirdiler we Türkmenistanyň emeldarlaryny kazyýete berdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede Berdimuhamedowlaryň iki tankytçysy saklanyp, deportasion lagere ugradyldy
Türkiýede türkmen aktiwistlerine deportasiýa howpy abanýar, olar açlyk yglan etdi
THF: Samsun şäheriniň sudy Sahatowy we Orusowy deportasiýa etmek hakynda karar çykardy
Sahatow we Orusow ýitirim boldy. Olaryň aklawçysy we Sahatowyň aýaly türk häkimiýetlerine ýüz tutdy
Alişer Sahatowyň aýaly Sinopyň kanun çykaryjylarynyň adamsyny gözlemekden ýüz öwürýändigini aýdýar
Ýitirim edilen aktiwistler Sahatowyň we Orusowyň işi boýunça sud diňlenişigi geçirildi
Ankaranyň sudy Alişer Sahatowa halkara goragyny bermekden ýene-de ýüz öwürdi