Stambulda ýene bir türkmen aktiwisti tussag edildi

Stambulda ýene bir türkmen aktiwisti tussag edildi

Stambuldaky türkmen aktiwistleriniň ýene birisi saklandy, türk polisiýasy 20-den gowrak türkmenistanlyny gözleýär diýip, Moskwadaky "Memorial" merkezi habar berýär.

Adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasyndan alnan maglumata görä, türkmen aktiwisti Baýram Allalyýew şu gün Stambulda tussag astyna alyndy diýip, "Memoralyň" 22-nji oktýabrda ýaýradan habarynda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, Allalyýewi, hemişelik oturym rugsadyny almaga arza bermegi üçin, migrasiýa gullugyna çagyrypdyrlar we haçanda ol zerur dokumentleri doldurýan wagtynda polisiýa işgärleri gelip, ony tussag edipdirler.

Ýene üç türkmen aktiwisti bolsa, üçünji gün, Stambulda hasaba duran salgysy esasynda gözlendi diýip, adam hukuklaryny goraýan topar belleýär.

Tassyklanylmadyk maglumatlara görä, polisiýa işgärleriniň ýanynda nätanyş yürkmenistanlylar hem bar.

Şu aralykda, has anygy düýn, Dürsoltan Taganowany migrasiýa gullugyna çagyryp, ony gaçybatalga sorap ýazan arzasyny yzyna almaga yrjak boldular. Bu arza oňa ýurduna iberilmezlik kepilligini berýär.

Resmi wekiller aklawçy Musfa Ýamana türk polisiýasy tarapyndan gözlenilýän 25 türkmen aktiwistiniň sanawy bilen tanyşmak mümkinçiligini döretdiler, ýöne bu sanawyň nusgasyny almaga rugsat bermediler.

Çeşmaniň maglumatyna görä, Antaliýada 18-nji oktýabrda tussag edilen Ahmet Rahmanowyň deportasiýa edilmegi baradaky kazyýet kararyndan şikaýat edildi. Bu şikaýat 15 gün içinde serediler.

Türk polisiýasynyň türkmen oppozisionerlerine gary güýçlenýän basyşy, ýokary derejelerde ygtyýar berilmek bilen, Ankaranyň türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda 12-nji noýabra bellenen mejlisiniň öňüsyrasyndaky syýasy oýunlaryň bir bölegi bolup durýar diýip, "Memorialyň" habarynda bellenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Türkmenistanda yzarlanýan bosgun Aşyrbaý Bekiýewi deportasiýa etdi
Ekspert: Türkmenistan Günbatara gaz ibermegiň mümkinçiliklerine 'çynlakaý' çemeleşip başlady
Gidrawlik energiýa näme sebäpli möhüm?
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy Türkiýede türgenleşýär