
Türkiýäniň Stambul aeroporty ýene-de Ýewropada iň köp ýolagçyly howa menzili diýlip ykrar edildi diýip, Anadolu neşirine salgylanýan Trend ýazýar.
Üstümizdäki ýylyň fewralynda Türkiýäniň bu iri howa menzilinde gije-gündizde ortaça 1269 gatnaw ýerine ýetirildi diýlip, Ýewropanyň Eurocontrol howa gatnawlary boýunça operatorynyň hasabatynda bellenýär.
Ýewropanyň iň köp gatnawly howa menzilleriniň sanawynda ikinji orny Britaniýanyň Hitrou aeroporty eýeledi, ol ýerde gije-gündizde ortaça 1168 howa gatnawy amala aşyryldy, üçünji orny Parižiň Şarl de Goll howa menzili 1115 gatnaw bilen, dördünji we bäşinji orunlary bolsa degişlilikde, 1051 we 996 gatnaw bilen Amsterdamyň hem-de Madridiň howa menzilleri eýeledi.