Stambulyň kazyýeti türkmen aktiwistiniň deportasiýasy baradaky karary ýatyrdy

Stambulyň kazyýeti türkmen aktiwistiniň deportasiýasy baradaky karary ýatyrdy

15-nji iýunda Stambulyň kazyýeti türkmen aktiwisti Baýram Allalyýewiň deportasiýasy baradaky karary ýatyrdy diýip Türkmen Helsinki Fondy (THF) habar berýär.

Aktiwist geçen ýylyň oktiýabrynda Stambulyň migrasiýa gullugy edarasynda tutulypdy, ol ýerä ony ýaşamak rugsadyny uzaltmaga çagyrypdylar.

Görlüp oturylsa,ony Türkmenistan Interpol arkaly gözleýär-häkimiýetler Baýramy kezzaplykda aýyplaýarlar.Ony polisiýa merkezine,soňra deportasiýa merkezine ýolladylar.

Şol bir wagtda, 33 sany resmi däl halkara guramalar türkmen aktiwistlerini goldaýan beýannama gol goýdylar.

Adam hukuklaryny goraýjylar deportasiýa merkezlerindäki aktiwistleri boşatmaga we olaryň durumyny kadalaşdyrmaga kömek etmäge, şeýlede ýurdyň çäginde türkmen aktiwistlerine edilen hüjümler we haýbatlar barada derňew geçirmäge türk häkimiýetlerini çagyrypdylar.

2021-nji ýylyň noýabrynda Allalyýewi deportasiýa merkezinden boşatdylar, emma, onuň deportasiýasy baradaky işler dowam etdi.Soňra Baýram ýol heläkçiligine duçar boldy.Ýol hereket wakasynyň günäkäri gaçýar,ýöne,polisiýa onuň kimdigini bilýär. Allalyýew hassahana ýerleşdirildi we birnäçe aýlap saglygyny bejertdi.

Baýram Allalyýew dissident çatlaryna gatnaşdy, olarda daşary ýurtlardaky konsulahanalaryň pasportlary çalyşmaýandygy we olaryň möhletini uzaltmaýandygy, söz azatlygyny bogýandygy,hereket azatlygyny çäklendirýändigi, şeýlede koronawirusy ykrar etmeýändigi üçin türkmen rejimini tankytlaýarlar. Şeýlede Allalyýew Stambulda döredilen “Oguzboýy” bilim, raýdaşlyk hem medeni guramany esaslandyrmaga we işlerine işjeň gatnaşdy.

Onuň ady Aşgabadyň haýyşy bilen türk polisiýasynyň gözleýän 25 raýatyň sanawynda hem bardy.

Türkmenistanyň Stambuldaky baş konsuly M.Seýitmämmedowyň goly bolan başga bir resminamada 13 aktiwistiň ady sanalyp, onuň 12-nji hatarynda Allalyýewiň pasport maglumatlary bardy.

THF-niň maglumatlaryna görä, häzir Allalyýew özüne bosgunlyk durumynyň berilmegi üçin türk häkimiýetlerine ýüzlendi.

Baýram Allalyýew öýli we iki çagasy bar.The post Stambulyň kazyýeti türkmen aktiwistiniň deportasiýasy baradaky karary ýatyrdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Onlarça türkmen raýaty, şol sanda hökümeti tankytlan Durdylyýew Türkiýeden deportasiýa edildi
THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden bikanun’ deport edildi
Diňle: THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden bikanun’ deport edildi
Russiýa Türkmenistanda yzarlanýan bosgun Aşyrbaý Bekiýewi deportasiýa etdi
Türkmen migrantlary türk deportasiýa merkezinde ýene ýenjildi
Stambul: Türkmen raýaty Şamil Gurbandurdyýewe edilen hüjümden soň onuň pasporty uzaldyldy