Standart Hyzmat konsalting kompaniýasynyň ýardamy bilen Ýüpekçi HJ ýene-de bir halkara şahadatnama eýe boldy

Standart Hyzmat konsalting kompaniýasynyň ýardamy bilen Ýüpekçi HJ ýene-de bir halkara şahadatnama eýe boldy

Standart Hyzmatyň hünärmenleri türkmen kärhanalaryna önümlerini sertifikatlaşdyrmak babatda maslahat beriş hyzmatlaryny ýetirýärler.ISO (9001, 22000, 27001, 14001, 15189, 17025, 45001, 50001), FSSC, GLOBALG.A.P., HALAL ýaly dürli halkara dolandyryş ulgamlary barada anyk maslahatlar ýurduň önüm öndürijilerine halkara şahadatnamalaryny almaga we önümlerini eksporta goýbermäge ýardam edýär.

Kompaniýanyň işjeň müşderileriniň hatarynda Bold, Bulvar, Ýedigen, Hoşal, Näzli we Buzz ýaly haryt nyşanly dürli miwe şirelerini we alkogolsyz içgileri öndürýän Ýüpekçi hojalyk jemgyýeti bar.

2019-njy ýylda Standart Hyzmat bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde, azyk howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamyny durmuşa geçirmegiň birinji tapgyry ISO 22000 halkara standartynyň talaplaryna laýyk gelýändigi üçin üstünlikli sertifikatlaşdyrma bilen tamamlandy.

Bir ýyldan soň, syn ediş auditine taýýarlyk görmekde Standart Hyzmat kompaniýasynyň hünärmenleri durmuşa geçirilen ulgamyň netijeli işlemegini dowam etdirýändigini we kärhananyň işgärlerine täze görnüşli içgileri öndürmäge itergi berýändigini bellediler. Bu bolsa gazanylan netijeler bilen çäklenmeli däldigine we has netijeli şahadatnamalary almak üçin işleri ilerletmäge sebäp boldy.

2021-nji ýylda Ýüpekçi HJ Standart Hyzmat kompaniýasynyň ýardam bermegi bilen, FSSC 22000 azyk howpsuzlygy ulgamynda we ISO 9001:2015 hil dolandyryş ulgamynda sertifikatlaşdyrma auditini geçdi.

Netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek bilen, Ýüpekçi HJ we Standart Hyzmat şu ýylda HALAL standartynyň talaplaryny durmuşa geçirip başladylar.

HALAL standartyna laýyklykda halkara şahadatnamasyny almak önümleriň diňe bir ýokary hilli talaplara laýyk gelmän, eýsem önümleriň musulman halklaryň däp-dessurlaryny we talaplaryny göz öňüne tutup öndürilýändigini aňladýar. Şol bir wagtyň özünde, halal harytlar beýleki dinlere uýýanlaryň arasynda hem giňden peýdalanylýar we olar üçin hiç hili gadagan edilmeýär. Şunlukda bolsa, HALAL şahadatnamasy Ýewropadaky 50 milliondan gowrak we dünýädäki 1,6 milliarddan gowrak HALAL sarp edijileri üçin önümiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyryp biler.

Ýeri gelende ýatlatsak, diňe azyk önümleri däl-de, eýsem, kosmetika, arassaçylyk we derman önümleri hem HALAL standartyna laýyklykda kepillendirilip bilner. Bu öz gezeginde hyzmat merkezlerini we olaryň hyzmatlaryny, täzelenýän energiýa çeşmelerini, syýahatçylygy we oba hojalygyny-da öz içine alýar.

Standart Hyzmat kompaniýasy HALAL sertifikaty bilen gyzyklanýan kärhanalara we guramalara degişli sertifikat üçin maglumat çeşmesini kesgitlemek, kompaniýanyň önümleriniň HALAL talaplaryna laýyk gelşine we halkara ülňülerine laýyklykda önümçilik amallaryna baha bermek ýaly birnäçe işleri öz içine alýan hyzmatlar toplumyny hödürleýär.

Standart Hyzmatyň hünärmenleri kärhananyň işgärlerini standartyň talaplary bilen tanyşdyrarlar, HALAL önümlerine we önümçilik proseslerine halkara ülňülerine laýyklykda resminamalary taýýarlamaga, şeýle hem dolandyryş ulgamyny durmuşa geçirmäge, ulgamyň içerki auditini geçirmäge, sertifikatlaşdyrmak auditine goldaw bermäge, daşarky sertifikat edarasy tarapyndan geçirilýän auditiň birinji derejesiniň netijelerinden soň düzediş işleriniň durmuşa geçirilmegine we ikinji derejesiniň netijelerine esaslanýan düzediş çäreleriniň işlenip taýýarlanmagyna ýardam ederler.

Kompaniýanyň alyp barýan işi barada has giňişleýin maglumatlary şu salgyda ýerleşýän ofisine baryp alyp bilersiňiz: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk köçesi, 9-njy jaý, 1-nji gat. Telefon belgileri: (+993 64) 19 86 68 (IMO), (+993 65) 71 81 86. Elektron poçtasynyň salgysy: info@standarthyzmat.com.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Standart Hyzmat türkmen kompaniýasy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar
Standart Hyzmat bazar gözleglerini geçirmek we işgärleri dolandyrmak boýunça täze hyzmatlary hödürleýär
“Ýüpekçi” HJ halkara sertifikasion auditden geçdi
"Awazada" satuwa çykarylan jaýlar geçmeýär, adamlarda ne pul, ne-de ynam bar
Pakistanyň Atom Desgalary Dünýä Standartlarynda
Manamada ikitaraplaýyn resminamalaryň 11-sine gol çekildi