Standart Hyzmat türkmen kompaniýasy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar

Standart Hyzmat türkmen kompaniýasy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar

Türkmenistanyň öňdebaryjy konsalting kompaniýalarynyň biri bolan Standart Hyzmat kompaniýasy firmalaryň, hususy kärhanalaryň ýolbaşçylaryny hem-de fiziki şahslary işewürligi ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşmak üçin duşuşmaga çagyrýar. Standart Hyzmatyň bilermenleri işewürligi dolandyrmak pudagynda halkara standartlaryna laýyklykda maslahat berýärler, şeýle-de guramalara we Türkmenistanyň kärhanalaryna bäsdeşligi ýokarlandyrmak boýunça ýardam edýärler.

Bu ugurda häzire çenli Standart Hyzmat kompaniýasy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy, Aşgabat şäher häkimliginiň aýratyn möhüm desgalaryň gurluşygy boýunça direksiýasy, Gyýanlydaky polimer zawody, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşyk boýunça komiteti, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, şeýle hem azyk önümçiligi we gurluşyk işlerini alyp barýan kärhanalar bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirdi.

Bu kärhanalaryň hatarynda Türkmen senet HJ, Türkmen senagat HJ, Hojaly HJ, Parahat HK, Batly-Gadam HK we köpsanly beýleki kärhanalar bardyr. Standart Hyzmat kompaniýasy Ýüpekçi hojalyk jemgyýetine bu babatda Bold, Buzz, Näzli, Hoşal, 7gen haryt nyşanly önümlerini ISO 9001:2015 we FSSC 22000 standartlarynyň talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmaga goldaw berdi. Häzirki wagtda bolsa HALAL standartynyň talaplaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak işleri geçirilýär.

Merjen ýol ulag-logistika kärhanasyna hil dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylmagy we ISO 9001: 2015 sertifikatynyň alynmagy netijesinde kärhananyň öňünde täze mümkinçilikler açyldy. Mysal üçin, kärhanany dolandyrmak üçin amala aşyrylan yzygiderli çemeleşmeler has uly tenderlerde ýeňiş gazanmagy we halkara derejesinde daşary ýurtly müşderileri çekmäge şert döretdi.

Hyzmatlaryň giňişleýin sanawy kompaniýanyň resmi web saýtyndaky Biziň hyzmatlarymyz atly bölümçede ýerleşdirildi.

Söwda hyzmatdaşlygyny açmak teklibi bilen ýüz tutmak isleýänler Habarlaşmak üçin diýen bölümçede anketa dolduryp, şeýle-de kompaniýanyň info@standarthyzmat.com elektron poçtasy arkaly habarlaşyp biler. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 64) 19 86 68; (+993 65) 71 81 86.

Kompaniýanyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk etraby, Bagtyýarlyk-9 köçesi, 1-nji gat.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Standart Hyzmat konsalting kompaniýasynyň ýardamy bilen Ýüpekçi HJ ýene-de bir halkara şahadatnama eýe boldy
Standart Hyzmat bazar gözleglerini geçirmek we işgärleri dolandyrmak boýunça täze hyzmatlary hödürleýär
ÝEWROSTAT: ÝB-niň ilatynyň 22 göterimine garyplyk howp salýar
Ahal Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirer
Standart Hyzmat konsalting kompaniýasynyň hünärmenleri GLOBAL G.A.P. standartynyň täze nusgasy boýunça tälim aldylar
TOGG ulagy satuwa çykaryldy