Stoltenberg Türkiýäniň Kanuny Aladalarynyň Girilmäge Çalyşylýandygyny Aýtdy

Stoltenberg Türkiýäniň Kanuny Aladalarynyň Girilmäge Çalyşylýandygyny Aýtdy

Finlýandiýa sapar eden Ýens Stoltenberg Prezident Sauli Niinistýo bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

“Türkiýäniň ekstremist terror guramasy PKK boýunça aladalary bilen bilelikde ähli ýaranlaryn howpsuzlyk aladalary ara alynyp maslahatlaşylmaly” diýen Stoltenberg, özüniň we egindeşleriniň Şwesiýadan, Finlýandiýadan we Türkiýeden resmiler bilen yzgiderli aragatnaşyk saklaýandygyny beýan etdi.

Ispaniýanyň paýtagty Madritde iýun aýynyň 29-30-y aralygynda geçiriljek NATO-nyň sammitine adybir ýurtlaryň gatnaşmagy üçin ylalaşygyň gazanylyp gazanylmajakdygy hakyndaky soraga jogap beren Stoltenberg, Türkiýäniň aladalaryna gysga möhletde jogap berip, mseläniň çözülmegi üçin iş alyp barýandyklaryny, emma sammitiň bu meselede soňky möhlet bolmajakdygyny aýtdy. Ýens Stoltenberg; “Bular kanuny aladalar.

Terrorizm we ýarag eksporty bilen bagly aladalar.NATO-nyň ýaranlarynyň hiç haýsynyň terror hüjümlerinden Türkiýe ýaly zyýan çekmändigine düşüneliň we ýatlalyň” diýdi.

Türkiýäniň terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşde möhüm pozisiýa eýeländigini nygtan Stoltenberg; “Türkiýe Ukraina goldaw we saklanan bugdaýyň eksporty boýunça möhüm pozisiýa eýeleýär. Şeýlelikde esasy ýaranlarymyzdan biri terrorizm bilen bagly aladalaryny beýan edýän bolsa, biz hem oňa ünsli çemeleşmeli. Biz hem şeýle edýäris. Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan etmeklerine hoşallyk bildirýärin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Şwesiýa NATO Agza Boldy
Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi" diýdi
Ukraina Bir Million Dron Ugradylar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny