Şwesiýa NATO Agza Boldy

Şwesiýa NATO Agza Boldy

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg X sosial media hasabyndan beren habarnamasynda Şwesiýanyň NATO resmi taýdan goşulandygyny mälim etdi.

“Şwesiýa NATO-nuň 32-nji agzasy boldy we aramyzda mynasyp ornuny eýeledi. Ýekşenbe güni NATO-nuň Ştab kwartirasynda baýdaklaryny diňe asmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip ýazan Stoltenberg, “Şwesiýanyň agzalygy NATO-ny hasam güýçlendirýär, Şwesiýany we bütin alýansy hasam howpsuzlaşdyrýar” diýip, garaýyş beýan etdi.

NATO-nuň ýazmaça beýannamasyna görä hemn Şwesiýanyň agzalygy üçin NATO-nuň Ştab kwartirasynda 11-nji martda dabara guralar.

NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenberg we Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristerssonyň gatnaşmagyndaky dabarada Şwesiýanyň baýdagy diňe asylar.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň 23-nji ýanwarda, Wengriýanyň Milli Mejlisiniň 26-njy fewralda beren tassyknamasyndan soň ähli ýaranlaryň mejlislerindäki tassyklaýyş tapgyrynyň tamamlanmagy netijesinde Şwesiýanyň agzalygy boýunça soňky tapgyra geçilipdi.

Ýene degişli makalalar

Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
Peskow NATO-nyň baş sekretary Stoltenbergiň Günorta Kawkaza guran sapary barada beýanat berdi
“ABŞ-nyň Başda Durmagynda Hyzmatdaşlarymyzdan Ýarag Kömegine Garaşýarys”
Ukraina Goşmaça Goldawlar Gelýär
Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny