Stresi azaltmagyň usullary

Ertirlik naharyny edinmek, wagtly-wagtynda dynç almak we gezelenç etmek stresi ýeňip geçmegiň bir usuly hasaplanýar. Stresli ýagdaýda nerw we endokrin ulgamy dartgynly bolup, paýhasly netije çykarmakda, rahat bolmakda hem-de şowly işlemekde birnäçe kynçylyklar ýüze çykýar. Bu bolsa daş-töwerege täsirini ýetirmek bilen bir hatarda, saglyk üçin hem zyýanlydyr.

Stresi azaltmagyň we çydamlylygy ýokarlandyrmagyň birnäçe ýönekeý usuly bar.

Özara gatnaşyk. Bilermenleriň bellemegine görä, maşgala we dostlar adamyň esasy daýanjy bolup, olar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak, derdiňi paýlaşmak stresiň derejesini azaldýar. Şonuň üçin günüň dowamynda ýakynlaryňyz bilen söhbetleşmäge wagt aýryň!

Täze zatlary öwrenmek. Gaýtalanýan durmuş ýörelgeleri stresiň derejesini artdyryp biler. Şol sebäpli täzeçillikleri durmuşyňyza ornaşdyrmagy endik ediniň! Muňa dil öwrenmek, goşmaça hünär öwrenmek, programmalary özleşdirmek mysal bolup biler.

Dynç gününi dogry geçirmek. Iş günlerinden soň, dynç alyş gününi şahsy meýilnama esasynda peýdaly geçirmek iň dogrusydyr. Dynç alyş güni tehnologik enjamlardan uzakda bolup, maşgala bolup dynç almagy, teatrlara, seýilgählere gezelenje gitmegi, süýjüliklerdir tagamlary bişirmegi ýola goýuň! Şeýle hem dynç alyş güni dostlaryňyz bilen sport oýunlaryny hem gurap bilersiňiz.

Yzygiderli maşk etmek. Maşk etmek fiziki işjeňligi artdyrmak bilen bir hatarda, beýnidäki gan aýlanyşyny kadalaşdyryp, şähdaçyk bolmaga ýardam edýär. Şeýle hem işde şowly netijeleri gazanmaga itergi berýär.

Tebigatda gezelenç etmek. Agaçlardyr otlar bilen gurşalan meýdanda gezelenç etmek stresi azaltmagyň iň ýeňil usulydyr. Şeýle ýagdaýda beýni kislorod bilen doly üpjün edilýär, gözdäki nerw damarlary ýaşyl meýdanda rahatlanyp, dartgynlylygyň derejesi azalýar.

Dogry dem almak. Stresli ýagdaýda köplenç gysga, çalt-çaltdan dem alýarys ýa-da demimizi saklaýarys. Bu saglyk üçin zyýanly bolup, tersine haýaljakdan çuňňur dem almak rahatlanmaga uly kömek edýär. Şeýle ýagdaýda dem alyş maşkyny (ýuwaşjadan dem alyp, biraz saklap, soňra ýuwaşjadan goýbermek) ýerine ýetirmek iň dogrusydyr.

Edilmeli işleriň sanawyny ýazmak. Gündelik durmuşda bökdençlik döredýän zatlaryň biri hem edilmeli işiň wagtynda ýerine ýetirilmezligi ýa-da ýatdan çykmagydyr. Şol sebäpli etmeli işleriňiziň sanawyny kagyza belleseňiz netijeli bolar hem-de stresiň derejesini kemelder.

Ýene degişli makalalar

Belentden ýaňlanan owazlar
Eýranda Aşa Yssy Howa Sebäpli 2 Gün Dynç Yglan Edildi
Bagtyýar çagalaryň bagtly pursatlary
Özüňizi ýadaw duýýaňyzmy?!
Öýde hereketsiz bolmaň!
Dünýäniň täsin akwaparklary
Tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär