Şu gün Gazagystanda Siriýa temaly maslahat geçiriler

Şu gün Gazagystanda Siriýa temaly maslahat geçiriler

Maslahata Türkiyäniň, Siriýanyň, Russiýanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary gatnaşar.

Ankara bilen Damaskyň arasynda 11 ýyldan soň ilkinji maslahat geçen ýylyň 28-nji dekabrynda geçirilipdi. Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen maslahata ilki bilen Milli Goranmak ministrleri we Milli howpsuzlyk gulluklarynyň başlyklary, soň bolsa Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary we Daşary işler ministrleri gatnaşypdylar.

Bu gezek bolsa şu gün Astana şäherinde Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň arasynda maslahat geçiriler.

Dört taraplaýyn maslahatyň ilkinjisinde, Türkiye bilen Siriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin ediljek anyk ädimler ele alynar.

Türkiye terrorizme garşy göreş, syýasy çözgüt, bosgunlaryň meýletin, howpsuz we mertebeli ýagdaýda gaýdyp barmaklary bilen baglanşykly tutanýerliligini ýene-de bir gezek nygtap geçer.

Ýene degişli makalalar

Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
Ysraýylyň Damaska Hüjüm Gurandygy Habar Berildi
Ysraýylyň Halap Howa Menziline Guran Hüjüminde 36 Esger Ýogaldy
Ysraýyl Eýranyň Damaskdaky Diplomatik WekIlhanasyna Hüjüm Etdi
“Eýran Konsullygyna Guralan Hüjüme Degişli Gaýtawuly Görkezer”
Türkiye Ysraýylyň Eýranyň Siriýadaky Ilçihanasyna Guran Hüjümini Ýazgardy
ÝB Eýranyň Damaskdaky Konsullygyna Guralan Hüjümi Ýazgardy